dun-ni-i-gowy-pensi-a-s-heri-trebin-e

Dünýäniň iň gowy pensiýa şäheri: Trebinýe

Bosniýa we Gersegowinanyň taryhy şäheri bolan Trebinýe tebigy gözellikleri we asuda durmuşy bilen tanalýar. Nemes “Focu”s žurnalynyň taýarlan hasabatynda bu şäher täze ada mynasyp boldy. Trebinýe “pensiýa çykandan soň ýaşamak üçin dünýäniň iň amatly ýeri” hökmünde yglan edildi.

01 Ocak 2022 18:47

“Focus” žurnalyñ taýarlan hasabatda 575 şäher belli kadalara görä deñeşdirildi. Trebinýe şäheri pensiýa çykanyñdan soñ ýaşamak üçin iñ amatly şäher hökmünde yglan edildi.

Germaniýanyñ paýtagty Berlin bilen deñeşdirilende ýaşaýyş jaýynyň ortaça kireýi, arassa howasy we transport şertlerine baha berilen hasabatdaTrebinýe 100 baldan 81,9 bal alyp sanawyň başynda durýar.

Trebinýe şäheri ybadathana, monastyr we metjidi bilen tapawutly dini jemagatlara ýer eýeçiligi edýär.

“Forcus” žurnalyñ “ iñ gowy pensiýa şäheri” sanawynda Türkiýäniñ Antalýa şäheri 2-nji hatarda orun alýar. Sanawyñ 3-nji hatarynda bolsa Hindistanyñ Mangalora şäheri orun alýar.

Sanawyň ilkinji onlugyna orun alýän şäherler Hytaýyň Qingdao, Ekwadoryň Kuenka, Braziliýanyň Sorocaba, Portugaliýanyň Koimbra, Bolgariýanyň Weliko Tarnowo, Rumyniýanyň Timișoara we Horwatiýanyň Osiýek şäheri orun alýar.

Habarlar