dun-ni-i-uly-turk-yslam-gonamcylygy

Dünýäniñ iñ uly Türk-Yslam Gonamçylygy

ÝUNESKO-nyñ Bütindünýä mirasynyñ wagtlaýyn sanawynda orun alýan Bitlis welaýatyñ Ahlat etrabyndaky Seljuk Meýdan Gonamçylygyna Oraza baýramynda köp adam zyýarata geldi.

06 Mayıs 2022 21:34

Ahlat etrabynyñ Ikikubbe mähellesinde 8 müñ 200 mazaryñ bolan 210 gektarlyk meýdana eýe bolan dünýäniñ iñ uly Türk-Yslam Gonamçylygy, koronawirus pandemiýasynyñ we gyş paslynyñ soñlanmagy bilen gaýtadan zyýarata açyldy.

Sungat eseri aýratynlygyny özünde jemleýän bu gonamçylyk  mazar daşlarynyñ ýüzündäki taryhy relýefler, nagyşlar, oýma nagyşlar, we taryhy ýazgylar bilen. zyýarat edenleri wagt ýolagçylygyna çykarýar.

Oraza baýramy mynasybetli “Türkleriñ Anadola giriş gapysy” diýip taryplanýan we “asuda şäher” şanyna eýe bolan Ahlat etrabyna gelenler, Yslam taryhynyñ iñ esasy miraslaryndan “ Seljukly Meýdan Gonamçylygyny görme mümkinçiligine eýe bolýarlar.

Habarlar