e-ran-turkmenistandan-elektrik-togy-getirmek-ucin-ikinji-lini-any-ise-girizdi

Eýran, Türkmenistandan elektrik togy getirmek üçin ikinji liniýany işe girizdi.

Türkmenistanyň Eýrana satýan elektrik togy üçin täze liniýanyň işe girizilendigi we Eýranyň gyş paslynda elektrik togy bilen baglanyşykly kynçylyk çekmejekdigi mälim edildi.

14 Aralık 2021 14:57

Eýranyň TAVANIR kompaniýasynyň baş müdiri Areş Kürdi, döwlet metbugatynda beren beýanatynda Türkmenistan bilen bilelikde gurlan täze elektrik liniýasy barasynda maglumat berdi.

Türkmenistandan elektrik togy importy üçin ikinji liniýasynyň işe girizilendigini bellän Kürdi, Türkmenistanyñ hökümetinden satyn alynýan elektrik togunyñ köpelmegi bilen gündelik sarp edilýän ýangyjyň 1 million litr tygşytlanjakdygyny aýtdy.

Şeýle hem Kurdi, Azerbaýjan we Russiýa bilen energiýa pudagynda hyzmatdaşlygyň ösdürilendigini aýtdy.

Eýran Prezident Köşkünden berilen ýazmaça beýannamada Eýranyň prezidenti Ybraýym Reisi bilen Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýn telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürülmeginiñ ähmiýeti nygtalandygy bellendi.

Habarlar