edirne-balkan-taryhy-muze-i

Edirne Balkan Taryhy müzeýi

Edirne Balkan Taryhy müzeýe 4 aýyñ dowamynda 16 müñ syýahatçy geldi.

18 Mayıs 2022 14:20

Balkan söweşlerinde Edirne goranyş liniýasynyň iň möhüm harby merkezlerden biri bolan Hydyrlyk, “Balkan taryhy müzeýi” bolup sebitdäki türkleriň 600 ýyllygyny gürrüñ berýär.

Muzeýde Edirne goragçysy Mehmet Şükrü Paşanyň harby baza hökmünde ulanan sebitde Şükrü Paşa we Fatih Soltan Mehmet bilen bilelikde Gyzylaýyñ söweşe goşulan pursaty silikon heýkeller bilen janlandyrylýar.

Muzeýde “ Edirne şäherinden geçen soltanlar "," Balkanlarda Osman arhitekturasy "," Osman hökümdarlygy astyndaky Balkanlar ", "Edirnäniñ basyp alyşlygy"," Edirneniñ serkerdeleri "," Balkan söweşleriniň hatyra depderleri "," Frontda geýinmek we iýmitlenmek "  we “Uruş döwründe epidemiýa keselleri, göç edenler" temalar ýörite gurlan otaglarda ses, wideo we grafika bilen gürrüñ berilýär.

Şol döwre degişli  bolan zatlaryň sergilenýän muzeýde şol döwriñ öz beýanyny tapmaga tagalla edilýär. Muzeý, bu ýerik gezmäge gelen adamlary ýokary hilli ses infrastrukturasy bilen  şol döwre äkidýär.

Muzeýiñ synlaýyş  eýwany şäheriñ panoramik görküni görkezýär.

Muzeýde 22 sany baş otag, 18 sany artilleriýa otagy, 120 metrlik tunel we 4 sany geçelge bar.

Habarlar