ege-uniwersitetinde-turki-dun-si-bahar-festiwaly-gecirildi

Ege uniwersitetinde Türki dünýäsi bahar festiwaly geçirildi

Ege Uniwersiteti tarapyndan gurnalan Türki dünýäsi bahar festiwaly, Merkezi Aziýa döwletlerinden talyplaryñ gatnaşmagy bilen başlady.

09 Mayıs 2022 14:35

Ege Uniwersitetiñ rektory Prof. Dr. Nejdet Budak, festiwalyñ Türki dünýäsinde akademiki, ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikler döretmegini tama edýändiklerini aýtdy.

Türki halklaryñ halkara medeniyet guramasy TÜRKSOÝ-uñ wekili Timur Dawletow bolsa eden çykyşynda TURKSOÝ-uñ türk medeniýeti we sungatyny bütindünýä tanatmak üçin uly tagalla edýändigini nygtap festiwala Türki dünýäsiniñ çar künjeginden bilim adamlary we sungat işgärleri gatnaşýandygyny habar berdi

3 günläp dowam etjek festiwalyñ çäginde Türki dünýäsinden talyplar milli tanslar we aýdym sazlar ýerine ýetirerler, köp sanly bäsleşikler gurnalar we milli oýunlar oýnalar.

Habarlar