emir-te-mir-taryhy-goren-i-uly-sy-asy-we-harby-zehinlerinden-biridir

Emir Teýmir, taryhyň gören iň uly syýasy we harby zehinlerinden biridir

Beýik söweşiji bolan Teýmir han "hakyky güýç adalat" diýen ynam bilen ýaşapdyr.

28 Ocak 2022 20:51

Timur imperiýasynyň düýbüni tutujy we ilkinji hökümdary Emir Teýmir 1336-njy ýylda Özbegistanyň Şahr-i Sabz şäherinde dünýä indi. Kakasy sebitdäki Barlas taýpasynyň emiri Turagaýdy.

Emir Teýmir, 1370-nji ýyldan başlap guran hüjümleri bilen Merkezi Aziýa, Russiýa, Eýran, Hindistan, Owganystan, Kawkaz, ýakyn Gündogar we Anadolynyň uly bölegini ele geçirdi.

Guran hüjümleriniñ 17-sinde hem ýeňiş gazanan Teýmir, taryhçylar tarapyndan harby zehin hökmünde kabul edilýär.

Ömrüniň dowamynda hukuk we adalat ugrunda göreşen Emir Teýmir, "Hakyky güýç adalat" şygary bilen şöhraty asyrlary aşan liderdigini bütindünýä görkezdi.

Teýmir köp şäherdde metjid, medrese we kümmetler gurdurdy. Olaryñ käbiri şulardyr: Bibi Hanym metjidi, Gök köşk, Ahmet ýesewi Hankahy.

Emir Teýmir Samarkanddaky Gur-i Emir kümmetine jaýlandy.

Özbegistanda her ýylyñ 9-njy aprelinde Emir Teýmiriñ doglan güni uly joşgun bilen bellenýär.

Habarlar