ertir-bursa-s-herinde-turki-dowletlerini-ombudsmenler-bilelesigi-dorediler

Ertir Bursa şäherinde Türki döwletleriniň Ombudsmenler bileleşigi dörediler

Türkiýe Ombudsmen Guramasynyñ ýer eýeçiliginde ertir Bursa şäherinde Türki döwletleriñ arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen Ombudsmenler Bileleşigi dörediler.

13 Mayıs 2022 15:32

Ertir Busra şäherinde geçiriljek maslahat üçin Türki döwletlerden gelen ombudsmenler Bursa welaýatynyñ gubernatory Ýakup Janbolat tarapyndan kabul edildi.

Bursa şäherine Azerbaýjan ombudsmeni Sabina Aliýewa, DKTR-niñ ombudsmeni Ilkan Warol, Gazagystan adam hukulary boýunça ýokary komisary Elwira Azimowa, Gyrgyzystan ombudsmeni Atyr Abdrahmatowa we Özbegistan ombudsmeni Feruza Eşmatowa geldiler.

Bursa şäherine gelen wekiliýet Panorama 1326 Bursa Muzeýini aýlanyp gördüler.

Türk ombudsmeni Şeref Malkoç metbugata beren beýanatynda Türki dünýäsi üçin Bursa şäheriniñ uly ähmiýete eýe bolandygyny belläp: “ Bursa, Türki dünýäsi bilen birleşýän şäher. Türki dünýäsiniñ esasy şäherleri Buhara, Bakuw, Bursa we Bosniýadyr. Bursa eýe bolan ruhy, taryhy we medeni gymmatlyklary bilen uly wezipäni ýerine ýetirýär. Bu sebäpdenem Türki döwletleriñ Ombudsmenler Bileleşigini bu şäherde döretmäge karar berdik.”-diýdi.

Ertirki açylyş dabara Türki döwletleriñ guramasynyñ Ýaşulylar Geñeşiñ başlygy Binali Ýyldyrym hem gatnaşar.

Habarlar