flyarystan-howa-ollaryny-turkistan-sabiha-gokcen-howa-menzili-ucar-gatnawy-bas

FlyArystan howaýollarynyñ Türkistan- Sabiha Gökçen howa menzili uçar gatnawy başlady

Gazagystanyñ FlyArystan howaýollarynyñ, Türkistan şäherinden Stambul Sebiha Gökçen howamenziline uçar gatnawy başlady.

28 Mart 2021 21:46

FlyArystan howaýollarynyñ 160 ýolagçyly uçary, Stambul Sabiha Gökçen howamenzilinde dabara bilen garşylandy. Sabiha Gçkçen howamenziliniñ resmileri uçaryñ ekipažyna gül-desseleri gowşurdy.

FlyArystan, täze görnüş koronawirus (Kowid-19) epidemiýasy döwründe Sabiha Gökçen howa menziline çarter uçuşlary amala aşyran ilkinji howaýollary firmasy boldy.

Türkistan-Sabiha Gökçen uçar gatnawlary hepdede iki gün anna we ýekşenbe günleri amala aşyrylar. Uçar gatnawlarynda FlyArystan firma degişli bolan 180 orunlyk “Airbus A320” ýolagçy uçary ulanylar.

Gazagystanyñ Türkistan şäheri, soñky ýyllarda esasanam daşary ýurtly syýahatçylaryñ uly gyzyklanma görkezýän şäheri.

Pegasus howaýollary, koronawşrus epidemiýadan ozal Sabiha Gökçen howamenzilinden Gazagystanyñ Almaty şäherine uçar gatnawlary guraýar. Koronawirus epidemiýa garşy göreş çäginde togtadylan uçar gatnawlarynyñ öñümizdäki aýlarda ýañadan başlanmagyna garaşylýar.

Stambul şäherindäki Sabiha Gökçen howamenzilinden häzirki wagtda 37 ýurtdan 117 sebite saparlar guralýar. Bu uçar saparlaryñ 80 sanysy daşary ýurt, 37 sanysy bolsa içerki uçuş nokatlaryna guralýar.

Habarlar