gadymy-ani-s-heri-tebigy-gozelligi-bilen-erli-we-dasary-urtly-sy-ahatcylary-g

Gadymy Ani şäheri, tebigy gözelligi bilen ýerli we daşary ýurtly syýahatçylary garaşýar

Türkiýäniñ Kars welaýatyndaky gadymy Ani şäheri, tebigy gözelligi bilen ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryñ iñ köp gelim-gidimli ýerleriñ biridir.

31 Ocak 2022 21:40

884-1045-nji ýyllarda Bagratlar tarapyndan; 1045-1064-nji ýyllarda Wizantiýalylar tarapyndan dolandyrylýan Arpaçaý etrabynyñ iki çuň dar jülgesiniň ortasynda ýerleşýän gadymy Ani şäheri, 1064-nji ýylyň 16-njy awgustynda Soltan Alparslan tarapyndan basyp alynyp Beýik Seljuk döwletiniň häkimýetine goşuldy.

Takmynan 100 gektar meýdanda gurlan we taryhyň dowamynda köp sanly siwilizasiýanyň ýaşap geçen Ani şäherinde hristian we musulmanlar bilelikde ýaşapdyrlar.

Döredilen gününden bäri köp sanda medeniýete ýer eýeçiligi eden we medeni gymmatlyklary özünde jemleýän Ani şäheri, Kawkazdan Anadola açylan ilkinji derweze bolany üçin aýratyn ähmiýete eýedir.

Yslam binagärlik eserlerini hem özünde jemleýän we 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras sanawyna girizilen gadymy şäher, gar ýagyşy bilen ak begrese bürünenden soň ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.

"Dünýä şäheri", "siwilizasiýalaryň mekany", "müň ybadathana" we "40 derwezeli şäher" diýlip atlandyrylýan Ani şäherine gelýän syýahatçylar. Anadolyda gurlan ilkinji türk metjidi bolan "Ebul Menujehr Metjidi", “Ani buthanasy”," Dikran Honentz buthanasy ", we " Abugamir Pahlawuni buthanasy "ýaly taryhy ýerlere uly gyzyklanma görkezýärler.

Habarlar