gadymy-ani-s-herine-2-a-da-34500-adam-gezm-ge-geldi

Gadymy “Ani” şäherine 2 aýda 34500 adam gezmäge geldi

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynda orun alýan we 2022-nji ýylyň ilkinji 2 aýynda 34,500 adamyň gezmäge gelen Türkiýäniñ Kars welaýatyndaky Gadymy “Ani” şäheri, bahar paslynda gar bilen örtülen görki bilen myhmanlaryny garşylaýar.

14 Mart 2022 13:53

Türkiýäniñ Kars welaýaty taryhy, tebigaty we medeni gymmatlyklary bilen her pasyl müñlerçe ýerli we daşary ýurtly syýahatçyny garşylaýar.

Ankara şäherinden gidýän Gündogar Ekspress we Syýahatçylyk Gündogar Ekspressiñ soňky duralgasynda ýerleşýän  Kars şäheri, gyşda buz bilen örtülen Çyldyr kölüniň tebigy gözelligi, Jybyldepe Lyža merkezi we otly gezelenji bilen syýahatçylara ýatdan çykarylmajak pursatlar hödürleýär.

Bir ýylyñ dowamynda 1 million syýahatçyny kabul etmegi maksatlaýan Kars şäherinde, “ dünýä şäheri”, “müñ bir ybadathana” we “ kyrk gapyly şäher” atlary bilen tanalýan gadymy “Ani” şäheri orun alýar.

Gurlan gününden bäri köp sanda medeniýete ýer eýeçiligi eden, her biri tapawutly gözellik we taryhy gymmatlyga eýe bolan metjid we ybadathanalary bilen köp sanda medeni gymmatlyklary özünde jemleýän Gadymy Ani şäheri, Kawkazlardan Anadola ilkinji girelge gapysy bolma aýratynlygyna eýe.

“ Amenaprgiç Ybadathanasy”, “ Ani Katedral”, “ Dikron Honentz Ybadathanasy” we “ Abugamir Pahlawuni Ybadathanasy” ýaly dini eseler bilen bir hatarda Anadolydaky ilkinji Türk metjidi  “ Ebul Meujehr” ýaly yslam binagärliginiñ naýbaşy eserlerini  we 2016-njy ýylyñ 15-nji iýulynda ÝUNESKO-nyñ bütidünýä mirasynyñ sanawyna girizilen gadymy Ani şäheri, ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryñ gezmäge gelýän iñ köp gelim-gidimli ýerleriniñ birine öwrüldi.

2021-nji ýylda koronawirus ýokanç keseline garşy göreş çäginde dört aý ýapyk bolan Ani şäherine çäklendirmeleriñ ýatyrylmagy bilen adamlar gezmäge gelip başladylar.

Geçen ýyl 66 müñ 200 adamyñ gezip gören gadymy “Ani” şäherine üstümizdäki ýylyñ ýanwar we fewral aýynda 34500 adam gezmäge geldi.

Habarlar