gadymy-dehistan-s-heri

Gadymy Dehistan şäheri

Dehistan, Orta asyrlarda iri medeni merkezlerin biri bolupdyr.

12 Kasım 2021 20:10

Gadymy Dehistanyň biziň günlerimize gelip ýeten ýadygärlikleri Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda, Madaw obasyndan 22 kilometr demirgazyk-günbatarda ýerleşýär. Geçmişde bu ýerde şähristanlyk gülläp ösüpdir. Dehistana halk arasynda «Maşat-Misserian», «Maşat ata» hem diýilýär.

Orta asyrlarda Dehistan ýurdy şähristandan hem-de galalardan ybarat bolup, onuň umumy meýdany 200 gektar çemesi bolupdyr. Mälim bolşy ýaly, Dehistanda köpsanly kerwensaraýlar, medeni maksatly binalar, kitaphanalar, dürli senetçilik ussahanalary ýerleşýän köçeler bolupdyr. Şol ussahanalarda hem ilatyň hojalyk hajatlary üçin zerur bolan önümler taýýarlanypdyr. Iki sany beýik minaranyň, metjidiň, medresäniň, kerwensaraýlaryň, suw howuzlarynyň, başga-da birnäçe ymaratlaryň galyndylary bu günki güne çenli saklanyp galypdyr. Dehistan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen iri söwda merkezleriniň biri hem bolupdyr. Onuň gür ilatly ýer hökmünde tanalandygy barada taryhy çeşmelerde agzalýar.

Şäher goranyş maksatly salnan halkalaýyn iki diwar bilen gurşalypdyr. Bu ýerde bişen kerpiçler diňe bir jemgyýetçilik desgalarynda däl, eýsem, ýaşaýyş jaýlarynda-da giňden ulanylypdyr. Arheologlar tarapyndan peýkamlaryň bürünç uçluklarynyň, aýal-gyzlaryň bezeg şaý-sepleriniň, keramiki küýze önümleriniň galyndylarynyň, şeýle hem zähmet gurallarynyň tapylmagy bu ýerde geçmişde ýaşaýşyň gülläp ösendiginden habar berýär.

Şäheriň ilaty ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanypdyr, arpa, bugdaý ýaly ak ekinleri ekip, gallanyň bol hasylyny öndüripdir.

XI asyrda-XII asyryň birinji ýarymýyllygynda Dehistan seljuk-türkmen döwletiniň düzüminde bolmak bilen gülläp ösen welaýatlaryň birine öwrülipdi.
Ilkibaşda Beýik Seljuklar nesilşalygy tarapyndan dolandyrylan kuwwatly türkmen-oguz döwletiniň, soňra Horezmşalaryň imperiýasynyň düzüminde bolan döwürlerinde Dehistan özüniň iň bir gülläp ösen döwürlerini başdan geçiripdir diýlip hasap edilýär. Hut Dehistanyň üstünden Horezmiň şäherlerini Girkaniýanyň üsti bilen Wizantiýa we arap ýurtlary bilen baglaşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugurlarynyň biri geçipdir.

1991-nji ýylda “Gadymy Dehistan” Döwlet taryhy-medeni goraghanasy döredildi. Dehistan bu gün hem dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde durýar.

Habarlar