gadymy-ishak-pasa-kosgine-gezm-ge-gelenleri-sany-gecen-yl-rekord-sana-etdi

Gadymy Ishak Paşa köşgine gezmäge gelenleriñ sany geçen ýyl rekord sana ýetdi

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň wagtlaýyn sanawynda orun alýan we Anadolyda Osman imperiýasynyň iň görnükli eserlerinden biri bolan Türkiýäniñ Agry welaýatynyñ Dogubaýazyt etrabynda ýerleşýän Gadymy Ishak paşa köşgine gezmäge gelenleriñ sany geçen ýyl kowid-19 epidemiýasyna garamazdan 226 müň 600 adama ýetdi.

20 Mart 2022 10:41

Gündogar Anadoly sebitiñ iñ naýbaşy taryhy we syýahatçylyk merkezlerinden biri bolan Agry welaýatyñ Dogubaýazyt etrabyndaky Gadymy Ishak Paşa köşgi, binagärligi, taryhy we owadan keşbi bilen ýewropa ýurtlaryñ başda durmagynda dünýäniñ çar künjeginden her ýyl müñlerçe syýahatça ýer eýeçiligi edýär.

Dogubaýazyt merkezine 7 kilometr uzaklykda “ bürgüdiñ höwürtgesine” meñzeýän 1900 metr beýiklikde bir depäniñ üstünde orun alýan taryhy köşk, Osman, Seljuk, Barok we Rokoko binagärligi bilen ünsi özüne çekýär.

“Medeniýetleriñ geçelgesi” bolan sebitde Osman imperiýasynyñ çigildem döwründe gurlan we ÝUNESKO-nyñ  Bütindünýä mirasynyñ wagtlaýyn sanawynda orun alýan köşk, metjidi, otaglary, diwarlary, türbedi, içerki we daşarky howlulary, diwan we harem otaglary bilen ýylyñ her paslynda özboluşly gözellige bürünip myhmanlaryny garşylaýar.

2021-nji ýylda köşgi aýlanmaga  gelenleriñ sany 226600 adama ýetdi. Şugünki günlerde gar bilen örtülen Ishak Paşa köşgüni 2022-nji ýylyñ ýanwar-fewral aýlarynda jemi 20 müñ adam gezmäge geldi.

Habarlar