gadymy-merw-s-heri-i-esasy-mekany-soltan-sanjary-aramg-hi

Gadymy Merw şäheriñ iñ esasy mekany: Soltan Sanjaryň Aramgähi

1999-njy ýylda Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň eteginde ýerleşýän Gadymy Merw ady bilen mälim bolan taryhy-medeni ýadygärlikler toplymy, umumyadamzat möçberinde möhüm ähmiýete eýe bolan taryhy-medeni miras hökmünde ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi.

13 Mayıs 2022 15:39

Gadymy Merw şäheriñ 2500 ýyllyk taryhy bar. Bu şäheriñ iñ esasy mekany bolan Soltan Sanjaryñ aramgähi, ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryñ ýygy-ýygydan zyýarat edýän ýerlerinden biridir.

Beýik türkmen-seljuklaryň hökümdarlyk eden döwri bolan XI–XII asyrlarda Merw özüniň gülläp ösen derejesine ýetipdir. 

Merw yslam dünýäsiniň ähli künjeklerinde ýaşaýan alymlar, şahyrlar we söwdagärler üçin aýratyň özüne çekiji şäher bolupdyr. Emma, 1220-nji ýylda çozup gelen mongol leşgerleri tarapyndan Orta Aziýanyň ähli şäherleri, şol sanda Horasanyň şäherleriniň “enesi” hasaplanýan gözel Merw hem weýran edilipdir, yslam dünýäsiniň ylym hazynasynyň biri bolan Merwiň ajaýyp kitaphalary ýakylypdyr. Mongol esgerleriniň wagşyçylykly çozuşyndan soň Merwde durmuş dowam eden hem bolsa ol ozalky belentligine ýetip bilmändir.

Mongol esgerleriniň wagşyçylykly çozuşyndan soñ şäherde aýakda galyp zamanamyza gelip ýeten ýadygärliklerden biri Seljuklylar döwletiniň iň soňky şasy Soltan Sanjaryň aramgähidir.

Bu binanyň mimary sarahsly meşhur binaçy ussa Muhammet ibn Atsyzdyr. Binýady dört metr çuňlukda tutulan otuz sekiz metr beýikligi bolan bu kümmet dörtburçly bişen kerpiçden salnypdyr. Ymaratyň özboluşly binagärlik keşbi, diwarlara salnan nagyşlar türkmen ussalarynyň öçmejek şöhratydyr.

Maryda ýerleşen bu aramgäh hakykatdan hem Demirgazyk Horasan arhitektura mekdebine degişli  deñi-taýy bolmaýan ajaýyp nusgadyr. Binanyň özi Soltan Sanjaryň “Ahyrýetde ýaşajak jaýy” diýlip atlandyrylypdyr.

Türkmenistanyň halk arhitekturasynyň ajaýyp ýadygärligi bolan Soltan Sanjaryň aramgähi Soltan galanyň merkezinde ýerleşýär.

Soltan Sanjar ölenden soň, ol özüniň gurduran şol aramgähinde jaýlanypdyr, emma, häzir ol ýerde onuň jesedi ýok, sebäbi XIII asyrda mongollar baýlyk gözläp, onuň guburyny talapdyrlar.

Soltan Sanjar aramgähinde 2002-nji ýylda Türkiýe Hyzmatdaşlyk we Utgaşdyryjy Agentligi TIKA tarapyndan abatlaýyş işi başlanyp 2004-nji ýylda tamamlanyp zyýarata açyldy.

Habarlar