gadymy-merw-s-herind-ki-taryhy-agyg-rlikler

Gadymy Merw şäherindäki taryhy ýagygärlikler

Gadymy Merw şäheri, baý taryhy ýadygärlikleri bilen Türk-Yslam taryhynyň iň esasy siwilizasiýa we medeni merkezlerinden biri hökmünde kabul edilýär.

01 Temmuz 2022 22:18

Türkmenistanyň gadymy Merw şäherinde Hoja Ýusup Hemedani, Büreýde es-Eslemi we Hakem Al-Gifari ýaly beýik sahabalar we Harezmi ýaly beýik alymlar ýetişdi.

Bu gadymy şäherde Demirgazyk Horasan binagärlik mekdebine degişli  deñi-taýy bolmaýan ajaýyp nusga bolan Soltan Sanjaryñ kümmeti we kerpiçden ýasalan Gyzlar galasyndaky taryhy ýadygärlikler orun alýar.

Sahabalaryň kümmetleriniñ arkasyndaky owadan eýwanlaryñ abatlaýyş işleri tamamlandy.

Ini 5 metr we uzynlygy 10 metr bolan eýwanlar gök plitkalar bilen bezeldi we olara mukaddes sözler ýazyldy.

Şäherdäki taryhy ýadygärlikler bu sebitde taryhyñ tapawutly döwürlerinde gurlan güýçli döwletlere we uly şäherlere şaýatlyk edýär.

Merw şäheri, ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryñ ünsüni çekýär we ýurduñ syýahatçylyk pudagynyñ ösmegi üçin uly goşant goşýar.

Habarlar