20 Mayıs 2022 18:09
Türkmenistanyň günorta sebitinde orun alýan Gadymy Merw şäheri, baý taryhy ýadygärlikleri bilen Türk-Yslam taryhynyň iň esasy siwilizasiýa we medeni merkezlerinden biri hökmünde kabul edilýär.
Kitaphanalaryň, kümmetleriň we galalaryň orun alýan Merw şäherinde Seljuk soltanlary we beýik alymlar ýaşap geçdi.
Sebitiñ iñ gadymy galasy, biziñ eýýamymyzdan ozal V asyrda gurlan we 20 gektarlyk meydana eýe bolan Erk Galasynyñ 25 metrlik diwarlary asyrlara garamazdan zamanamyza gelip ýetdi.
Erk galasynyň daş-töweregini gurşaýan Gawur galasy hem uzynlygy 2 kilometr we 400 gektar meýdany bilen Merw topraklarynyň taryhy bölegi hökmünde goralyp saklanýar.
Bütündünýä mirasy komitetiniň 1999-njy ýylda bolup geçen XXIII sessiýasynda Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň eteginde ýerleşýän Gadymy Merw ady bilen mälim bolan taryhy-medeni ýadygärlikler toplymy umumyadamzat möçberinde möhüm ähmiýete eýe bolan taryhy-medeni miras hökmünde ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi. Gadymy Merwiň bu abyraýly Sanawa goşulmagynda onuň iki sany möhüm aýratynlygy nazara alyndy. Birinjiden, Merw oazisiniň gadymy we orta asyr şäherleri iň azyndan dört müň ýylyň dowamynda Merkezi Aziýanyň medeniýetiniň ösmegine öz öňyn täsirini ýetirip gelipdir. Ikinjiden, Merwiň entek bürünç asyry döwründe Murgap derýasynyň köne binasynyň aşak akymyndaky ýerlerde ýüze çykan we häzir Garagumyň çägeleriniň arasynda ýitip giden gadymy şäherlerinden başlap XV-XVIII asyryň galalaryna çenli döwirde biri-birini yzygiderli çalyşyp gelen şäherleriniň täsin ýerleşiş ulgamy başga hiç bir ýerde gaýtalanmaýan özboluşlylyk bolup durýar.
Uzak taryhy döwürleriň dowamynda sebitiň paýtagty bolan bu örän uly şäheriň 2500 ýyllyk taryhy bar. Merw Bagdat, Kair, hatda Damask ýaly yslam dünýäsiniň örän möhüm medeni-syýasy merkezleriniň biri bolupdyr. Beýik türkmen-seljuklaryň hökümdarlyk eden döwri bolan XI–XII asyrlarda Merw özüniň gülläp ösen derejesine ýetipdir. Seljuklaryň imperiýasy Amyderýanyň aşak akymyndan tä Ortaýer deňzine çenli ummasyz giňişlikleri öz içine alypdyr. Beýik seljuklar imperiýasynyň paýtagty bolan döwründe Merw 640 gektar meýdany eýeläp oturan, dünýäniň iň gözel şäherleriniň biri bolupdyr. Bu şäher Murgap derýasynyň şypaly suwy bilen gandyrylýan we bol hasyl berýän bereketli toprakda kemala gelipdir.
Mongol esgerleriniň wagşyçylykly çozuşyndan soň Merwde durmuş dowam eden hem bolsa ol ozalky belentligine ýetip bilmändir.
Merwiň çäkleri agzalan şäherleriň we galalaryň galyndylary bilen bir hatarda Soltan Sanjaryň kümmeti we beýleki ençeme arhitektura ýadygärliklerini hem öz içine alýar. Şu taryhy-medeni miraslar toplumynyň diňe bir Türkmenistanyñ däl, eýsem bütün dünýä üçin örän wajyp ähmiýete eýe bolup durýandygyny nazara alyp Türkmenistanyň Hökümeti ony kanun esasynda döwlet goragyna aldy we häzir olar “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň esasyny düzýär.
Galalary bilen meşhur bolan gadymy Merw şäheriniñ esasy mekanlaryndan biri bolan Uly we kiçi gyz galalarynyñ VI asyrda çig kerpiçden ýasalmagyna garamazdan zamanamyza gelip ýetmegine hünärmenler tarapyndan binagärlik we inženerlik ussatlygy diýip häsiýetlendirýärler.
Merw şäherindäki sahabalaryñ kümmetleri häzirki wagtda türkmen halkynyñ iñ köp zyýarat edýän ýerleriniñ arasynda orun alýar.