gadymy-sule-mani-e-m-helle-bahar-paslyny-re-klerine-burundi

Gadymy Süleýmaniýe mähelle bahar paslynyñ reñklerine büründi

Türkiýäniñ Gümüşhane welaýatynyñ gadymy ýaşaýyş ýerlerinden biri bolan we asyrlañ dowamynda Türk, Ermeni we Grekleriñ bilelikde agzybirlikde ýaşaýan Süleýmaniýe mähellesi bahar paslynyñ reñklerine büründi.

06 Mayıs 2022 21:31

Türkiýede adyny gymmatly bir käniden alan ýeke täk welaýaty bolan Gümüşhaneniñ iñ gadymy ýaşaýyş ýeri bolan we şäheriñ merkezine 3 kilometr uzaklykda orun alýan Süleýmaniýe mähellesi bahar paslynyñ gelmegi bilen ýaşyl we ak reñke büründi.

Köp sanda taryhy eseriñ orun alýan mähellede bahar paslynyñ gelmegi bilen foto-suratçylaryñ we syýahatçylaryñ iñ köp gelim-gidimli ýerine öwrüldi.

Şähere adyny beren "Kümüş" känleriniň asyrlar boýy çykarylan mähellede, taryhdan zamanamyza miras galan metjitsiz mynaralary bilen haýran galdyrýar.

Soñky döwürde amala aşyrylýan köp sanly taslamalar bilen sebitiñ syýahatçylyk merkezi bolma ugrunda ýol alan mähellede syýahatçylyk mümkinçiliklerini köpeltjek kiçi myhmanhalaryñ gurluşygy boýunça işler alnyp barylýar

Habarlar