gadymy-turk-s-heri-balasagun

Gadymy türk şäheri: Balasagun

Kutadgu Bilig eseriñ ýazyjysy Ýusuf Has Hajibiň dünýä inen şäheri Balasagun, gadymy döwürlerden bäri türkleriň ýaşaýan ýeridir.

07 Ağustos 2021 20:23

Türk taryhy üçin uly ähmiýete eýe bolan Balasagunyñ ýeri entäk doly kesgitlenmedi ýöne köp bilim adamy bu şäheriñ Gyrgyzystanda Çu derýasynyñ boýnunda paýtagt Bişkekiñ gündogarynda ýerleşýändigini öñe sürýär.

Balasagun, Diwan-y Lügatit Türkdäki kartada bolsa Türk welaýatlarynyñ merkezi bolup bellenipdir.

Balasagun, türgişler, garahanidleriň we Karahitaý hanlygynyň paýtagty bolupdyr. Bu şäher, iñ esasy söwda ýollaryndan biri bolan ýüpek ýolunyñ ugrunda gurlupdyr. Garahanidler döwründe sebitiñ iñ baý we meşhur şäherleriñ arasynda orun alan Balasagun türk medeniýeti we sungaty taýdan uly ähmiýete eýe bolupdyr.

Türk edebiýatynyñ düýbi diýip kabul edilýän Kutadgu Biligiñ ýazyjysy Ýusup Has Hajib XI asyrda Balasagun şäherde dünýä inýär we başlangyç bilimi bu ýerde alýar.

Balasagun XII asyrdan başlap özüne çekijiligini ýitirip başlaýar we XIII asyrda mongollaryň çozuşlary bilen ähmiýetini kem-kemden ýitirýär. Bu şäherden zamanamyza köp sanda eser gelip ýetmedi. Meşhur Burana diñi Balasagundan miras galan iñ esasy eserlerinden biridir.

Habarlar