gar-bilen-ortulen-kicijik-wenesi-a-sy-ahatcylara-garas-ar

Gar bilen örtülen "Kiçijik Wenesiýa" syýahatçylara garaşýar

Ýewropanyň iň owadan şäherlerinden biri hasaplanýan Uluabat kölüniň kenaryndaky Gölýazy mähellesi, gar ýagmagy bilen özboluşly görke eýe boldy.

28 Ocak 2022 20:56

Türkiýäniñ Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi bilen Bursa welaýatynyñň Nilüfer şäher häkimliginiň ýolbaşçylygynda dowam edýän gazuw-agtaryş işlerinde gün ýüzüne çykarylan 2600 ýyl mundan ozal ýaşaýşyñ başlan Gölýazy mähellesi her möwsüm tebigy gözelligi bilen bu ýere gelýänleri özüne bendi edýär.

Ýewropanyñ iň owadan 30 mähellelerinden biri

Ýaponiýanyň Syýahatçylyk agentligi tarapyndan "ýewropanyň iň owadan 30 mähellesi" sanawyna giren we kölüň suwunyň ýokarlanmagy sebäpli "Kiçijik Wenesiýa" diýlip atlandyrylýan ýarym adada gurlan mähelle, garyñ ýagmagy bilen ak begres geýdi.

Gölýaza gelýänler balykçylar we şa gaýyklary bilen kölde gezelenç edip bilerler.

“Her möwsüm bolşy ýaly özboluşly görki bar"

Gölýazy mähellesiniñ arçyny Ibrahim Şahin, Gölýazynyň taryhy we tutýan geopolitik aýratynlygy bilen dünýäde seýrek duş gelýän ýerleriň biridigini aýtdy.

Sebitiň Türkiýe we Bursada uly ähmiýete eýedigine ünsi çeken Şahin, syýahatçylyk pudagy taýdan uly potansialynyñ bardygyny aýtdy.

Habarlar