gara-de-izd-ki-gadymy-turk-di-ary-krym

Gara deňizdäki gadymy türk diýary: Krym

Krym, Azow deňziniň günortasynda, Gara deňziň demirgazygynda orun alýan ýarym adadyr.

10 Aralık 2021 15:42

Krym ýarym adanyñ günorta-günbatardan demirgazyk-gündogara we günbatardan gündogara çenli uzap gidýän dag gerişleriñ beýikligi 1500 metri geçýär.

Bu daglaryň baý suw çeşmeleri bar we köp sanly derýa gözbaşyny bu ýerden alýar. Bahçesaraý, Akmetjid we Karasubazar ýaly Krymyň gadymy şäherleri bu daglaryň demirgazyk eňňitlerinde ýerleşýär.

Taryhyň dowamynda Krym dürli taýpalaryñ, esasanam Aziýadan gelenleriñ ( Taurlar, Kimmerler, Sarmatlar we Alanlar) iñ köp gelim-gidimli ýeridi.

XIII asyrda Krymyň Anadoly bilen ykdysady gatnaşyklary hasam pugtalandy. Bu ýerde Anadolydan gelen söwdagärler ýaşaýardy.

Osman imperiýasynyñ Krym hanlygyny öz hemaýasyna almagy bilen täze döwür başlady. Şäher we mähelleler ösmäge başaldy. Soltan Baýbars metjidi, Özbek han metjidi, Hajy Mehmet Metjidi, Hajy Ömer metjidi ýaly köp sanda taryhy eserler Bahçesaraý we Salajyk şäherlerinde guruldy.

Akmetjid şäherinde mirasdar şazdalar ýaşaýardy. Gözlewi bolsa ýurduñ esasy portudy.

Gadymy türk diýary Krym, 1783-nji ýylda Rus Imperiýanyñ häkimýeti astyna girdi. Krymda asyrlar boýy türk-yslam yzlaryny ýok etmek üçin uly tagalal edildi. Köp ýeriň ady üýtgedildi.

Rus şagyzy II Katerina döwründe krym tatarlara edilýän basyş we zulum syýasaty Sowýet Soýuzy döwründe hasam güýçlendi. 1944-nji ýylyñ 17-nji maýyny 18-e baglaýan gije Krym Tatarlary Sowýet soýuzyñ esgerleri tarapyndan öýlerinden çykarylyp haýwan wagonlaryna ýüklendiler. 250 müñe golaý Krym Tatary 3 günde Merkezi Aziýanyñ tapawutly sebitlerine we Sibire sürgün edildi. Sürgün edilenleriñ ýarysyndan gowragy ýolda öldi.

Krym Tatarlaryñ 1944-nji ýyldan bäri watanlaryna gaýdyp gelmek üçin alyp baran göreşi Sowýet Soýuzyñ dargamagyna çenli dowam etdi. Sowýet Soýuzy darganyndan soñ Krym Tatarlaryñ watany Ukraina bagly Krym Awtanom Respublikasy boldy.

Russiýa 2014-nji ýylda Krymy bikanun anneksiýa etdi. Krym tatarlary II Katerina we Staliniň döwründe bolşy ýaly repressiýa syýasatyna sezewar galdy. Müňlerçe Krym Tatary Russiýanyň hökümetiniñ eden basyşy sebäpli ýarym adany terk etmeli boldy.

Ýarym adada Krym Tatar halkynyň öýlerine, metjitlerine we çagalar baglaryna hüjümler guralýar we tussaklyklar dowam edýär.

Krymda II Jahan urşunyň yzlaryny görmek mümkin.

Taryhy eserlere baý bolan Krymda möhüm ýadygärlikler bar. Esasanam Seljuk we Osman döwründe metjitler, medreseler, myhmanhanalar, suw çüwdürimleri we köprüler ýaly binalar guruldy.

Zamanamyza gelip ýeten taryhy ýadygärlikler: Özbek Han Metjidi we medrese, Soltan Baýbars metjidi, Zinjirli Medrese, Gözlewedeki Juma Han Metjidi, Hajy Giraýyñ kümmeti.

Topkapy köşgüniň kiçijik  owadan nusgasyna meňzeýän Han köşgi, Türk-Yslam medeniýetiniň aýratynlyklaryny özünde jemleýär.

Krym Tatar hany Mengli Giraý tarapyndan 1532-nji ýylda Bahçesaraý şäherinde gurdurylan we şol döwürden bäri hanlygyñ dolandyryş merkezi bolup ulanyldy.

Han köşgiñ içinde Han türbedi, Han metjidi, maslahat zaly, harem we “Gözýaşy” çüwdürimi ýaly gurluşyklar orun alýar.

Gözlewedeki Juma Han metjidiniñ haçan gurlandygy anyk bilinmese hem 1552-nji ýylda Krym hany I Döwlet Giraý han tarapyndan gurdurylandygy kabul edilýär.

Akmetjide 70 kilometr uzaklykda Gözlewe şäherinde orun alýan metjid biri orta beýlekisi kiçi göwrümli bolmak bilen 5 gümmezli we 2 mynaraly Stambul şäherindäki Fatih metjidine meñzeýär. Köp sanly taryhy wakalara şaýat bolan bu metjid, Krym Tatarlaryñ başdan geçiren kyn günleriniñ şaýatlaryndan biri kabul edilýär.

Habarlar