garagalpakistan-sungat-muze-i

Garagalpakistan sungat muzeýi

Garagalpakistan döwlet sungat muzeýi 1966-njy ýylda Nukus şäherinde döredildi.

24 Haziran 2022 23:10

Garagalpakistan sungat müzeýi, Özbegistanyň özbaşdak respublikasy bolan Garagalpakistanyň Nukus şäherinde ýerleşýär.

Muzeýde Garagalpak türkleriñ taryhda galdyran çuňňur medeniýet gürrüñ berilýär.

1966-njy ýylda açylan muzeý üç bölümden ybarat: arheologiýa, etnografiýa we şekillendiriş sungaty.

Umumy meýdany 6,9 müň inedördül metre barabar bolan Garagalpakistan sungat muzeýinde 100 müňden gowrak çeper eser sergilenýär.

Muzeýde iň gymmatly eserlerin başynda ilkinji we orta asyr Hwarezm we Garagalpakstan sebitlerine degişli bolan senetler, egin-eşikler we çadyr enjamlary orun alýar.

Muzeýiñ şekillendiriş sungaty bölüminde sergilenýän 1920-nji we 1930-njy ýyllara degişli suratlar adamlaryñ ünsüni özüne çekýär.

Muzeý Halkara muzeýler komitetiniň agzasy.

Garakalpakistan sungat muzeýi “Guardian” gazeti tarapyndan “dünýäniň iň ajaýyp muzeýleriniň biri” we Nyu-York Times žurnaly tarapyndan “hökman baryp görmeli ýer” hökmünde yglan edildi.

Habarlar