gazagystan-halkyny-agzybirlik-guni-1-nji-ma

Gazagystan halkynyň agzybirlik güni: 1-nji Maý

Gazagystanda her ýyl bellenilip geçilýän 1-nji maý -"Gazagystan halkynyň agzybirlik güni" dostlugy, sazlaşygy we parahatçylygy alamatlandyrýan ýurduñ iň esasy baýramçylyklaryndan biridir.

30 Nisan 2022 20:49

Gazagystan, 130-dan gowrak tapawutly etnik gelip çykyşy bolan raýatlary bilen medeni taýdan baý ýurtlaryň biridir.

1-nji maý Gazagystanda bu etnik toparlaryň arasyndaky sazlaşygyň we gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny alamatlandyrýan agzybirlik güni; güýçli raýdaşlygyň we watana wepalylygyň möhüm mysallaryndan biri hasaplanýar.

Gazagystan halkynyñ agzybirligi güni ähli etnik toparlaryň agzybirligine we olaryň dostlukda we sazlaşykda ýaşamagyna hyzmat edýär.

milletara gatnaşyklaryň iň ýokary derejelerinden biri bolan bu baýram, tapawutly milletlerden bolan adamlaryň gatnaşýan uly  baýramçylyk bolup tutuş ýurtda bellenilýär.

Habarlar