gazagystan-respublikasyny-prezidenti-kasym-jomart-toka-ew-dikucar-hel-kciligind

Gazagystan Respublikasynyñ prezidenti Kasym Jomart Tokaýew dikuçar heläkçiliginde şehit bolan esgerler üçin duýgudaşlyk bildirdi

Gazagystan Respublikasynyñ prezidenti Kasym Jomart Tokaýew, Bitlisiñ Tatwan etrabynda baş beren dikuçar heläkçiliginde şehit bolan esgerler üçin duýgudaşlyk bildirdi.

05 Mart 2021 11:28

Gazagystan Respublikasynyñ prezidenti Kasym Jomart Tokaýew, Prezident  Rejep Taýyp Erdogana ugradan ýüzlenmesinde “Harby dikuçaryň heläkçilige uçramagy sebäpli türk esgerleriniziň şehit bolandygy habary meni çuňňur gynandyrdy. Size, şehitleriň hossarlaryna we türk halkyna, öz adymdan we Gazagystanyň halkynyň adyndan duýgudaşlyk bildirýärin”-diýdi.

Habarlar