gazagystan-respublikasyny-prezidenti-toka-ew-urtda-konstitusion-ulgam-ga-tada

Gazagystan Respublikasynyñ prezidenti Tokaýew: Ýurtda konstitusion ulgam gaýtadan dikeldildi

Gazagystan Respublikasynyñ prezidenti Kasym Žomart Tokaýew şu gün telewideniýe arkaly halka ýüzlenip çykyş eder.

07 Ocak 2022 11:03

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Žomart Tokaýew ýurtda baş berýän wakalar barasynda beýanat berdi we “Ýurtda umuman alnanda konstitusionn ulgam gaýtadan dikeldildi” diýdi.

Gazagystan döwlet teleýaýlymy Prezident Tokaýewiñ şu gün halka ýüzlenip çykyş etjekdigini mälim etdi.

Gazagystanyň Içeri işler ministrligi, Almaty şäherindäki protest ýörişilerde 3 müñ adamyñ tutsag edilendigini we döwlet guramalaryna degişli ähli binalaryñ howpsuzlugynyñ üpjün edilendigini mälim etdi.

Içeri işler ministrligi, protest ýörişlerinde ýogalan howpsyzlyk işgärleriniň sanynyň 18-e ýetendigini, 748 howpsyzlyk işgäriniñ bolsa ýaralanandygyny habar berdi.

Gazagystanyñ Daşary işler ministirligi, ýaragly hüjümleri daşary ýurtda tälim alan terrorçylaryñ gurnandygyny mälim etdi.

Gazagystanda wakalar 2-nji ýanwarda suwklandyrylan gazyň nyrhynyň göterilmegi sebäpli Mangystau welaýatynda halkyň protestleri bilen başlady we tutuş ýurda ýaýrady.

Protest ýörişler ilki ýönekeý talaplar bilen başlady, ilki nyrhlaryň aşakladylmagy, halkyň ykdysady şertleriniň gowulanmagy, aýlyk haklarynyň ýokarlandyrylmagy boýunça gazak halkynyň, hemmeleriň başlangyç islegi bolan talaplardan ybaratdy. Wakalaryň Almatyda başlamagyndan soň talaplar başga ugra gönükdi. Demonstrantlar döwlet binalaryny oda berdi, dukanlary talady. Howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşdy. Gazagystanyñ prezidenti Kasym Žomart Tokaýew  ýurtda adatdan daşary ýagdaý dolanyşygy yglan etdi.

Prezident Tokaýew, ýurtda başdan geçirilýän wakalar sebäpli Kollektiw Hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň liderlerinden kömek sorady. Kollektiw Howpsyzlyk guramasy Gazagystanda başdan geçirilýän wakalar sebäpli esger ugratdy.

Guramanyň Baş sekretarlygy tarapyndan berilen beýannamada, guramanyň Gazagystana esger ugratmagy meselesinde kararyň kabul edilendigi ýatladyldy we guramanyň adyndan Gazagystana ugradylan esgerleriň, Russiýanyň, Belarusyň, Ermenistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň harby güýçlerinden ybaratdygy bellenildi.

Habarlar