gazagystana-ga-dyp-gelen-gazaklary-sany-8-a-da-10-mu-i-gecdi

Gazagystana gaýdyp gelen gazaklaryň sany 8 aýda 10 müňi geçdi

Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda goňşy ýurtlardan Gazagystana gaýdyp gelen 10,398 gazaga ýurtda hemişelik ýaşamak üçin rugsat berilendigi habar berildi.

18 Ağustos 2021 14:40

Gazagystanyň Zähmet we Durmuş üpjünçiligi ministrligi tarapyndan berilen beýannamada, 1991-nji ýyldan bäri daşary ýurtlardan gaýdyp gelen gazaklaryň sany 1 million 80 müňi geçdi.

Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda 10.398 gazak Gazagystana gaýdyp geldi we ýurtda hemişelik ýaşamak üçin rugsat aldy. Olaryň 76,4 göterimi Özbegistandan, 10,1 göterimi Hytaýdan, 6,4 göterimi Türkmenistandan, 2,5 göterimi Mongoliýadan we 4,6 göterimi beýleki ýurtlardan geldi.

Geçen ýyl Gazagystana 10 müñden aşa gazak gaýdyp geldi. 2020-nji ýylda kabul edilen täze kanuna laýyklykda ýurda gaýdyp gelen etnik Gazaklara “ kandaş” (garyndaş) statusy berilip olara ýurda hemişelik ýaşamak rugsady we raýatlyga ýüz tutma mümkünçiligi berilýär.

Sowet Soýuzy dargansoň demografiki kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolan Gazagystanyň hökümetiniñ başladan "Nurlu göç" meýilnamasy, watanyna dolanmak isleýän gazaklary  höweslendirýär.

Takmynan 5 million gazagyň 40-dan gowrak ýurtda ýaşaýandygy we olaryň köpüsiniň Sowet döwründe syýasy sütem we garyplyk sebäpli 1920-1930-njy ýyllarda gidenleriň neslinden bolandygy bilinýär.

Habarlar