gazagystanda-10-nji-anwarda-milli-as-guni-yglan-edildi

Gazagystanda 10-nji ýanwarda “ Milli Ýas güni” yglan edildi

Gazagystanda suwuklandyrylan gazyñ bahasynyñ ýokarlandyrylmagy we ýurtdaky durmuş-ykdysady ýagdaýyñ ýaramazlaşandygy sebäpli başlan protest ýörişlerde ýogalan adamlaryñ hormatyna “ Milli Ýas güni” yglan edildi.

10 Ocak 2022 14:29

 Ýurda yglan edilen milli ýas güni mynasybetli Prezident köşgi Akorda we ähli döwlet edara-guramalar we daşary ýurtlardaky wekilhanalaryñ öñündäki baýdaklar ýarysyna çenli aşakladyldy.

Telewideniýe we radio ýaýlymlarynda güýmenje programmalary ýatyryldy. Döwlet edaralarynyň we habar gulluklarynyň web sahypalarynyň esasy sahypalary hem ak-gara reňkde taýýarlandy.

Gazagystanda yglan edilen Milli ýas güni mynasybetli Türkiýäniñ Gazagystandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçihana binasynyñ öñündäki baýdaklar hem ýarysyna çenli aşakladyldy we sosial media hasaplarynda “ Doganlyk Gazagystanyñ ýanyndadyrys” ýazyldy.

Gazagystanyň baş müftüsi Naurızbaý Hajy Taganuly paýtagtyň Hezreti Soltan metjidinde ýurtda baş beren soňky wakalarda şehit bolan howpsuzlyk güýçleri we raýatlary üçin namaz okady.

Gazagystanyñ içeri işler ministrligi baş beren wakalarda 18 sany howpsuzlyk işgäriniñ bolmagynda jemi 26 adamyñ ýogalandygyny mälim etdi.

Prezident Kasym Žomart Tokaýew Gazagystanda baş beren terrorçylykly wakalarda ýogalan adamlaryñ hormatyna 2022-nji ýylyñ 10-njy ýanwar gününi tutuş ýurtda milli ýas güni diýip yglan etdi.

Habarlar