gazagystanda-an-26-kysymly-ucar-hel-kcilige-ucrady

Gazagystanda An-26 Kysymly Uçar Heläkçilige Uçrady

Gazagystanyň Almaty sebitinde Milli Howpsyzlyk gullugyna degişli An-26 kysymly harby uçaryň heläkçilige uçramagy netijesinde 4 adam ýogaldy.

13 Mart 2021 16:37

Almaty howa menzilinden berilen beýannamada; ýerli sagat bilen 17:20 töwereginde Nur-soltan -Almaty liniýada uçýan Gazagystanyň Milli Howpsyzlyk gullugyna degişli An-26 kysymly uçaryň radardan ýitendigi we  Almaty howa menziliniň golaýynda heläkçilige uçrandygy habar berildi.

 Uçar heläkçiliginde ekipaždaky 6 adamdan 4-si ýogaldy, 2-si bolsa ýaralandy. Ýaralananlar hassahanada bejergi alýar.

Sebite halas we gözleg topary ugradyldy.

Habarlar