gazagystanda-binag-rciligi-bilen-ha-ran-galdyr-an-hezreti-soltan-metjidi

Gazagystanda binagärçiligi bilen haýran galdyrýan Hezreti Soltan metjidi

Merkezi Aziýanyň iň owadan ybadat ýerlerinden biri bolan Hezreti Soltan metjidi, Gazak halkynyñ milli bezegleriniñ ulanylan binagärçiligi bilen myhmanlary özüne çekýär.

17 Eylül 2021 19:57

Metjid, Gazagystanyň 1-nji prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň gatnaşmagynda 2012-nji ýylyň 6-njy iýulynda ybadata açyldy.

Metjidiñ taslamasynyň dizaýnerleri Gazagystan döwlet baýragynyň eýesi, hormatly binagär Sagindik Janbolatow we Gazagystanyň Suratkeşler Bileleşiginiň we Ýewraziýa Dizaýnerler Bileleşiginiň agzasy Esengali Ahmetow.

Metjid deñi-taýy bolmaýan binagärçiligi bilen Gazagystanyň paýtagtyna gelýän müňlerçe syýahatçynyň ünsüni özüne çekýär.

Gazagystanyň paýtagty Astanada ýerleşýän, umumy meýdany 17 müň inedördül metre barabar bolup 8 müň adamyñ bir wagtda namaz okap biljegi Hezreti Soltan metjidiñ beýikligi 77 metr bolan dört sany minarasy bar. Şeyle-de beýikligi 52 metr bolan jemi 10 sany gümmezi bar.

Merkezi Aziýada Türkmenistandaky Türkmenbaşy Ruhy metjidinden soñ ikinji uly metjid bolan Hezreti Soltan metjidini Hytaý, Eýran we Ýewropanyñ tapawutly ýerlerinden köp sanda syýahatçy zyýarat edýär.

Yslam medeniýeti bilen Gazagystanyň medeniýeti birleşdirilen metjidiñ içki bezeglerinde Türkiýe, Italiýa we Gazagystandan gelen hünärmenler bilelikde işleşdiler.

Jemgyýetçilik desgasy hökmünde gurlan metjitde zallar, kitaphanalar, toý zallary, arhiw, ýaşaýyş jaýlary, ofisler, 400 adamlyk naharhana, VIP otaglar bilen köp sanda hususy otaglar bar.

Habarlar