gazagystanda-burgut-bilen-aw-awlamak-d-bi-nesilden-nesle-gecip-gel-r

Gazagystanda bürgüt bilen aw awlamak däbi nesilden-nesle geçip gelýär

Gazagystanda 12 ýaşyndaky Ýerasyl Serikbekuly, atasyndan miras galan bürgüt bilen aw awlamak däbini kakasyndan öwrenýär.

27 Mart 2021 00:28

Paýtagt Nursoltandan 30 kilometr alysda orun alýan Sofiýewka obasynda ýaşaýan Ýerasyl Serikbekuly,bürgüt bilen aw awlaýan kakasyna 8 ýaşyndan bäri ýoldaşlyk edýär.

Heniz 12 ýaşynda bolan Ýerasyl Serikbekuly, mekdepden soñ tutuş wagtyny at üstünde bürgüt bilen aw awlamagyñ usulyny öwrenmek üçin geçirýär.Ol maşgalasynda nesilden-nesle geçip gelýän bürgüt bilen aw awlamak däbini kakasyndan öwrenýär.

Serikbekuly, bürgüt bilen aw awlamagyñ köp sanda tapgyrynyñ bolandygyny nygtap: “ Bürgüt bilen awa çykmak üçin köp halatda ilkinji awa laçyn ýaly kiçi awçy guşlar bilen çykylýar. Sebäbi meniñ ýaşym üçin bürgüt uly awçy guşy”-diýdi.

Serikbekuly, “ Çipok” adyny dakan bürgüdi bilen wagt geçirmegi gaty gowy görýändigini nygtap “ Bürgüt güniñ dowamynda bir gezek iýmitlenýär. Her gün irden özüm oña nahar berýärin. Sesimi tanaýar. Bu aw awlamakda örän möhim”-diýdi.

Çipok bilen köp sanda gumry we towşan awlandyklaryny bellän Serikbekuly öñümizdäki aý geçiriljek bürgüt bilen aw awlamak bäsleşigine taýarlanýandyklaryny aýtdy.

Ýerasyl Serikbekuly geljekde uly bürgüt awçysy bolmak we bu däbi ýaşatmak isleýändigini aýtdy.

Ýerasyl Serikbekulynyñ kakasy Serikbek Kuntuganuly, bürgüt bilen aw awlamagy atasyndan öwrenendigini bu däbiñ Gazak halkynyñ asyrlardan bäri dowam edýän gadymy däbi bolandygyny nygtap bu däbiñ ýok bolup gitmeginiñ öñüni almak üçin ogluna öwredýändigini aýtdy.

Türkleriñ iñ gadymy aw awlamak usuly bolan bürgüt bilen aw awlamak Gazagystanda milli sportlaryñ sanawynda orun alýar. Ýörite mekdeplerde çagalara bürgüt bilen aw awlamak öwredilýär.

Habarlar