gazagystanda-gurlusygynda-at-su-duni-ulanylan-o-yl-metjidine-uly-gyzyklanma-gor

Gazagystanda gurluşygynda at süýdüniň ulanylan Oýyl metjidine uly gyzyklanma görkezilýär

Gazagystanda 127 ýyl ozal gurlan we gurluşygynda goýun ýüñi we at süýdi ulanylan Oýyl metjidi binagärçiligi bilen ünsleri özüne çekýär.

15 Nisan 2021 22:53

Gazagystanda 127 ýyl ozal gurlan we gurluşygynda goýun ýüñi we at süýdi ulanylan Oýyl metjidi, Aktöbe şäheriniñ 300 kilometr uzagyndaky Oýyl etrabynda orun alýar. Gadymy ýüpek ýolunuñ geçýän ýeri diýip bilinýän etrap, adyny sebitdäki Oýyl derýasyndan alýar.

1893-nji ýylda täjirler tarapyndan gurlan bu metjid üçburç kümüş reñkli mynaradan we bir gatdan ybarat.

Gurluşyk hekaýasy we binagärçiligi bilen adamlaryñ ünsüni özüne çekýän metjidiň gurluşygynda ulanylan palçyk kerpiçleri suwuň ýerine goýun ýüňi we at süýdi garyşdyrylyp ýasalypdyr.

Metjidiñ diwarlary gar we ýagyş ýaganyndan soñ tapawutly reñklere bürünýär.

Oýyl metjidi, 127 ýyldan bäri Oýyl ýaşaýjylarynyñ esasy ybadat merkezi bolmaga dowam edýär.

Habarlar