gazagystanda-merkezi-we-gunorta-azi-a-urtlaryny-bas-stabyny-baslyklaryny-mas

Gazagystanda Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyñ baş ştabynyñ başlyklarynyñ maslahaty geçirildi

Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyñ baş ştabynyñ başlyklary, Owganystan we sebit howpsuzlygy güntertibi bilen Gazagystanda maslahat geçirdi.

15 Eylül 2021 10:31

Gazagystanyñ goranmak ministirligi tarapyndan berilen beýannamada, paýtagt Nursoltanda Gazagystan, Pakistan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistanyñ baş ştabynyñ başlyklarynyñ maslahaty geçirilendigi habar berildi.

Amerikanyñ Birleşen Ştatlarynyñ harby wekilleriniñ hem gatnaşan maslahatda Owganystanda baş berýän wakalar we sebit howpsuzlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda esasanam täze awaýan howplara garşy Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasy we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly guramalaryň sebit howpsuzlygyny üpjün etmekdäki ähmiýeti nygtaldy.

Şeýle-de maslahatda, sebitleýin howpsuzlyk pudagynda Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň maksatlary kesgitlenildi.

Gazagystanyñ baş ştabynyñ başlygy Marat Huseinow, maslahatyñ çäginde Özbegistan, Pakistan we Amerikan kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirdi.

Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyñ baş ştabynyñ başlyklarynyñ maslahaty 2015-nji ýyldan bäri yzygiderli geçirilýär.

Habarlar