gazagystanda-saka-dowrune-degisli-bolan-mu-e-gola-eser-gun-uzune-cykaryldy

Gazagystanda Saka döwrüne degişli bolan müňe golaý eser gün ýüzüne çykaryldy

Gazagystanyñ Almaty sebitinde biziň eramyzdan öňki V asyra degişli bolan müňe golaý eser gün yüzüne çykaryldy. Gazagystanyň Milli Muzeýinde sergilenýän eserler Saka döwrüne yşyk tutýar.

01 Mart 2021 21:54

Gazagystanyñ Almaty sebitinde Saka döwrüne degişli bolan Katartöbe Gonamçylygynda müñe golaý eser gün ýüzüne çykaryldy. Taryhy eserler paýtagt Nursoltanda Milli Muzeýde sergilenýär.

Muzeýde sergilenýän eserleriñ arasynda altyn gulakhalkalar, altyn şaý-sepler, bürünç aýnalar, demir pyçaklar, süňk oklar bilen birlikde Saka döwrüniň asylly wekiliniň büsti hem orun alýar.

Taryhy eserler, Gazagystanyň Milli muzeýi we Koreýanyň Milli Barlag Institutyñ 3 ýyldan bäri  Katartöbe Gonamçylygynda ýöredýän arheologik gazuw-agtaryş işleri dowamynda  gün ýüzüne çykaryldy.

Almaty sebitinde Saka döwrüne degişli bolan gadymy gonamçylyklar ilkinji gezek 1988-nji ýylda mekdep okuwçylary tarapyndan tötänleýin tapyldy.

Habarlar