gazagystanda-unus-emre-sa-lama-kitabyny-gazak-dilind-ki-nusgasyny-tanysdyry

Gazagystanda “Ýunus Emre Saýlama” kitabynyñ gazak dilindäki nusgasynyñ tanyşdyryş dabarasy geçirildi

Nur-Soltan şäherinde Milli Akademiki kitaphanada geçirilen tanyşdyryş dabara, Türkiýäniñ Gazagystandaky ilçisi Ufuk Ekiji, Türki Döwletleri Guramasynyñ Ýaşulular Geñeşiniñ agzasy Ikram Adyrbekow bilen köp sanda myhman gatnaşdy.

11 Mart 2022 23:23

Nur-Soltan şäherinde Milli Akademiki kitaphanada geçirilen tanyşdyryş dabara, Türkiýäniñ Gazagystandaky ilçisi Ufuk Ekiji, Türki Döwletleri Guramasynyñ Ýaşulular Geñeşiniñ agzasy Ikram Adyrbekow bilen köp sanda myhman gatnaşdy.

Türk şahyry Ýunus Emrañiñ ýogalan ýylynyñ 700 ýyllygy mynasybetli ÝUNESKO we Prezident Köşgi tarapyndan yglan edilen “ Ýunus Emre we Türkçe ýyly” çäginde Prof. Dr Erdogan Bozyñ iki bölümden ybarat bolan “ Ýunus Emre Saýlama” kitabyndaky şygyrlar, Gazagystanly 19 ýaş şahyryñ orun alýan taslama bilen ene dillerine terjime edildi.

Türkiýäniñ Gazagystandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ufuk Ekiji eden çykyşynda 2022-nji ýylda iki doganlyk ýurt Türkiýe we Gazagystanyñ arasynda diplomatik gatnaşyklaryñ ýola goýulmagynyñ 30 ýyllygyny belleýändiklerini nygtap eseriñ bu döwürde okaýjylar bilen duşuşdyrmagyñ çuññur manysynyñ bolandygyny aýtdy.

Eseriñ gazk diline terjime edilmegine goşant goşan hemmelere sagbolsun aýdan ilçi,:“Bu eseri terjime eden 19 şahyry tüýs ýürekden gutlaýaryn”-diýdi.

Kitabyň müň nusgasynyň çap edilendigini habar beren Almagül Isina, kitaplary degişli edara we guramalara, esasanam Gazagystanyň kitaphanalaryna we ýokary okuw jaýlaryna sowgat bermegi meýilleşdirýändiklerini  habar berdi.

Tanyşdyryş dabarada Ýunus Emräniñ eserleri okaldy, mugallymlar onuñ şygyrlary barasynda çykyş etdiler.

Habarlar