gazagystandaky-dag-sport-toplumy-medeo

Gazagystandaky dag sport toplumy:Medeo

Dünýäniñ iñ uly dag sport komplesi diýip kabul edilýän “ Medeo”, deñizden 1700 metr beýiklikde orun alýar.

03 Eylül 2021 21:42

Almaty şäheriñ golaýynda ýerleşýän “ Medeo” toplumy, esasanam tebigat we gyş sportlary üçin amatly şertler döredýär.

Bu sport toplumy köp sandataryhy üstünliklere şaýatlyk etdi.

Gurluşygy iki ýyldan az wagtda tamamlanan Medeoda ilkinji resmi sport bäsleşikleri 1951-nji ýylyñ fewral aýynda gurnaldy.

1972-nji ýylda bolsa 10500 inedördül metr ululygynda emeli buz meýdanyna eýe bolan stadion açyldy we bu stadionda tizlikde typmak, buz hokkeýi, figuralaýyn typmak we beýleki gyş sportlary boýunça bäsleşikler gurnaldy. Bu döwürde Medeoda 120-den gowrak dünýä rekordy täzelendi.

Sowýet Soýuzyñ darganyndan soñ Medeo sport toplumynda köp wagtlap bäsleşikler gurnalmady. Bu sport toplumy 2003-nji ýylda täzeden dikeldildi.

Sport toplumy, 1960-nji ýyllaryñ soñlarynda gurlan “ Medeo” bendi saýasynda palçyk we suw akymlaryna garşy goralýar.

Toplumdaky ýörite suw meýdany takmynan 6 million kub metr suw saklamaga mümkinçilik berýär. Bente barýan 842 basgançakdan ybarat bolan basgançaklara çykmak bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.

Buz meýdançasy bolsa uly konsert meýdany bolup ulanylýar. Bu ýerde diñe gazak aýdymçylar däl  eýsem dünýäniñ çar künjeginden gelen tanymal aýdymçylaryñ gatnaşýan halkara aýdym-saz festiwaly bolan “ Aziýanyñ Sesi” birnäçe ýyl yzygiderli gurnaldy.

Habarlar