gazagystandaky-hoja-ahmet-asawy-uniwersiteti-turk-dun-si-ucin-tagalla-etjek-t

Gazagystandaky Hoja Ahmet Ýasawy Uniwersiteti, Türk dünýäsi üçin tagalla etjek talyplar ýetişdirmegi maksat edinýär

Gazagystandaky Hoja Ahmet Ýasawy Halkara Türk-Gazak Uniwersitetiñ rektory Dr. Žanar Temirbekowa beren beýanatynda: “Esasy maksadymyz Türk dünýäsiniñ bitewiligi we abadançylygy üçin tagalla etjek, döwrebap we tankydy garaýyşly, adamlara we tebigata hormat goýýan we öz ugrunda bilimli adamlary ýetişdirmek” - diýdi.

29 Mart 2021 22:16

Hoja Ahmet Ýasawy Halkara Türk-Gazak uniwersitetiñ rektory Dr. Žanar Temirbekowa beren interwýusynda Hoja Ahmet Ýasawy uniwersitetiñ Gazagystan we Türkiýe arasyndaky köp ugurly gatnaşyklarynyñ iñ anyk nusgasy bolandygyny nygtap, “Ýokary okuw bilimini Türkiýede alan biri bolup, Türk dünýäsiniñ umumy gymmaty bolan Hoja Ahmet Ýasawynyñ parahatçylyk, çydamlylyga we imana esaslanýan pelsepesini alamatlandyrýan uniwersitetde şeýle möhüm wezipäni eýelemegim meniň üçin uly bagt çeşmesi boldy.”- diýdi.

Hoja Ahmet Ýasawy uniwersitetiniň häzirki wagtda Türk dünýäsiniň taryhyny we medeniýetini ýaýratmak ugrunda möhüm bir tabşyrygy ýerine ýetirýändigini bellän Temirbekowa: " Esasy maksadymyz Türk dünýäsiniñ agzybirligi we raýdaşlygy üçin tagalla etjek, döwrebap we tankydy garaýyşly, adamlara we tebigata hormat goýýan we öz ugrunda bilimli adamlary ýetişdirmek” - diýdi.

Temirbekowa uniwersitetiň içinde diňe talyplara bilim bermekle çäklenmän eýsem ylmy barlaglara hem ýolbaşçylyk etjekdiklerine ünsi çekdi.

Türkistanyň "welaýat merkezi" statusyna eýe bolmagy bilen uniwersitetiñ taryhynda täze eýýamyň başlandygyna ünsi çeken Temirbekowa: “Türkistan täzeden janlanýar. Sebitdäki maýa goýumlarynyň artmagy bilen täze iş ýerleri döreýär. Geljekde ýokary tejribeli adamlara ätiýaç bolar. Bu ýagdaý uniwersitetimize möhüm mümkinçilikler döredýän hem bolsa, uly wezipede ýükleýär. Türkistan welaýat häkimligi bilen hyzmatdaşlygymyz dowam edýär. Türkistanyñ hasam ösmegi üçin uniwersitetimiz tarapyndan durmuşa geçiriljek taslamalara, Türk dünýäsiniñ bilim adamlaryny goşmagy meýilleşdirýäris”-diýdi.

Temirbekowa, Hoja Ahmet Ýasawy uniwersitetiniň Türk dünýäsiniñ ilkinji umumy ýokary okuw jaýy bolandygyny nygtap “ häzirki wagtda 20 tapawutly ýurtdan 11 müñden aşa talyp uniwersitetimizde bilim alýar. Geljek okuw ýylynda, täze açylan Oba hojalygy fakultetine talyplary kabul ederis. Şeýlelik bilen uniwersitetimiz sebitdäki oba hojalygynyň ösmegine goşant goşarys "-diýdi.

Gazagystanyñ Türkistan şäherinde Türkiýe we Gazagystanyñ hyzmatdaşlygynda gurulan Hoja Ahmet Ýasawy uniwersiteti, 30 ýyldan bäri 44 ders boýunça hünärmenler ýetişdirýär.

Habarlar