gazagystandaky-kolektiw-howpsuzlyk-sertnamasy-guramasyny-parahatcylyk-gu-ji-2-g

Gazagystandaky Kolektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyñ parahatçylyk güýji 2 günden soñ ýurtdan çykmaga başlar

Gazagystanyñ prezidenti Kasym Žomart Tokaýew, Kolektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyñ (KHŞG) parahatçylyk güýji esgerleriniñ 2 gün soñ tapgyrlaýyn ýagdaýda Gazagystandan çykmaga başlajakdygyny aýtdy.

11 Ocak 2022 11:26

Gazagystanyñ prezidenti Kasym Žomart Tokaýew parlamentda eden çykyşynda ýurdaky soñky ýagdaý barasynda beýanat berdi.

Gazagystana garşy bir terrorçylykly söweşiñ başlandygyny nygtan prezident Tokaýew, terrorçylara garşy operasiýanyñ iñ kyn böleginiñ geçilendigini we ýurtdaky ýagdaýyň kadalaşandygyny aýtdy.

Prezident Tokaýew, ýurda baş beren terrorçylykly ýagdaý sebäpli Kolektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyndan harby kömek talaby edilendigini ýatladyp: “ Gazagystan, kanuny taýdan KHŞG hyzmatdaşlaryndan parahatçylyk güýçleri ugratmagy talap etdi. Bu karary beren pursadymyzda Almatyda häkimýetimizi ýitirmegiñ bosagasyndakyk. Almatyny ýitiren bolsak, paýtagty, soň bolsa tutuş ýurdy ýitirerdik "-diýdi.

Kolektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasy parahatçylyk güýjüniñ wezipesini üstünlikli berjaý edendigini nygtan Prezident Tokaýew: “Kolektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasy parahatçylyk güýji iki günden soñ tapgyrlaýyn ýagdaýda Gazagystandan çykmaga başlar we çekilme tapgyry iñ köp 10 gün dowam eder”- diýdi.

Kolektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyñ Howpsuzlyk Geñeşiñ kabul eden karary bilen Gazagystana 2300 esger we 250 sany harby enjam ugradyldy.

Habarlar