gazagystandaky-medeni-dync-alys-merkezi-han-cadyry

Gazagystandaky medeni dynç alyş merkezi: Han çadyry

Nursoltan şäherinde orun alýan bu merkez, milli çadyr we döwrebap tehnologiýanyñ sazlaşygydyr.

03 Aralık 2021 20:48

Han çadyry, Gazagystanyñ paýtagty Nursoltan şäherinde orun alýan medeni dynç alyş merkezidir. Bu medeni dynç alyş merkezinde restoran, dukan, çagalar üçin oýun meýdançalary we Maldiw adalaryndan getirilen hakyky altyn çägeden ýasalan kenar ýaka we howuz merkeziň  iñ ýokarky gatynda orun alýar.

Bulardan başga-da, tehnologiýanyň iň ajap nusgalaryndan biri bolan bu merkezde möwsümleýin şertlere garamazdan awtomatiki ýyladyş we sowadyş ulgamlary bilen başga bir howany başdan geçirmek mümkin.

Bu ýörite mikroklimaty döretme mümkinçiligi, geljekde guruljak şäherler üçin nusgalyk bolar.

Bütin bu aýratynlyklary saýasynda Han çadyry, Forbes žurnalyñ iñ üýtgeşik binalar sanawynda orun aldy.

Habarlar