gazagystandaky-parahatcylyk-we-sazlasyk-kosgi

Gazagystandaky Parahatçylyk we Sazlaşyk köşgi

Meşhur binagär Norman Foster tarapyndan çyzylan köşk Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltanda ýerleşýär.

07 Ağustos 2021 20:24

2006-njy ýylyñ sentýabr aýynda açylan Parahatçylyk we Sazlaşyk Köşgi, Nur-soltan şäheriñ iñ esasy binagärlik eseri bolup adamlaryñ ünsüni özüne çekýär.

Daşardan piramida meňzeýän bu täsin köşk, iňlis binagär Norman Foster tarapyndan ýasaldy. Köşgiñ beýikligi 77 metr, gurşaýan meýdany bolsa 25,5 mün inedördül metrdir.

Bu köşk, 2003-nji ýylyñ sentýabt aýynda gurnalan 1-nji dini liderleriñ gurultaýynda teklip edilen we dünýä dinleriniň öňdebaryjy ýolbaşçylary tarapyndan goldanan ideýanyň iň aýdyň mysaly boldy. Bu sebäpdenem bu deñi-taýy bolmaýan köşk, 130-dan aşa tapawutly millete ýer eýeçiligi edýän Gazagystanyñ global dini we medeniýetara gepleşikleri goldaýandygynyň esasy görkezijilerinden biridir.

Köşgiñ içinde Gazagystanyñ milli medeniýet müzeýi, sergi we konsert zallary, kitaphana we dünýä dinleri barlag merkezi ýaly bölümler orun alýar.

Anahtar Kelimeler: Parahatçylyk we Sazlaşyk köşgi, Gazagystan,

Habarlar