gazagystandaky-parahatcylyk-we-sazlasyk-koskune-sy-ahatcylar-uly-gyzyklanma-go

Gazagystandaky “Parahatçylyk we Sazlaşyk” Köşküne syýahatçylar uly gyzyklanma görkezýär

Gazagystanyñ Astana şäherindäki “Parahatçylyk we Sazlaşyk” Köşgi, piramida görnüşli arhitekturasy bilen müňlerçe syýahatçyny özüne çekýär.

10 Nisan 2021 14:18

Tanymal binagär Norman Foster tarapyndan taýýarlanan Parahatçylyk we Sazlaşyk köşgi, Astana şäherindäki Gazak ili meýdanynda orun alýar.

Türk firmasy tarapyndan gurulan we 2006-njy ýylda açylan köşk, daşardan ser salynandan piramida meñzeýär. “Parahatçylyk we  Sazlaşyk” Köşgi, beýikligi 75 metr we 8 gatly bolup 28 müñ inedördül metrlik meýdana eýe.

1300 orunlyk opera, konferensiýa zallary, muzeý we sergi meýdançalary bolan bu köşk köp sanda halkara maslahatlara ýer eýeçiligi edýär.

Köşgüň opera zalynda dürli medeni çäreler gurnalýar muzeýde  Gazagystana sowgat edilen dini kitaplar, halylar bilen gymmat bahaly sowgatlar sergilenýär. Şeýle hem muzeýde Gazagystanda ýaşaýan 130-dan gowrak etnik toparyň milli egin-eşikleri tanadylýar.

Halkara Türk Akademiýasynyň ofisi, muzeýi we kitaphanasy hem “Parahatçylyk we sazlaşyk” köşgünde ýerleşýär.

Köşk piramida şekilli binagärçiligi we muzeýi bilen ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň köp baryp görýän ýerlerinden biridir.

Köşgüň resmi myhman hyzmatlary we protokol bölüminiň müdiri Muhyşbaýewa beren interwýusynda “ ýylda ortaça 60 müň syýahatçyny kabul edýäris. Gazak, rus, iňlis we türk dilinde syýahatçylara hyzmat edýäris”-diýdi.

Muhyşbaýewa, bu köşgiñ Gazagystanda ýaşaýan 130-dan gowrak etnik toparyñ wekilleriniñ ýygnanyşýan ýeri bolandygyny nygtap köşgiñ iñ ýokarky gatyndaky aynalarda çyzylan 130 sany kepderiñ ýurtdaky etnik toparlaryñ parahatçylyk we sazlaşykda ýaşaýandygy manysyny añladýandygyny aýtdy.

Muhyşbaýewa binanyň Astananyň howa şertlerini göz öňünde tutup gurlandygyny we agramy 5 müň tonna bolan demir binanyñ süýşýän fundamentyñ üstüne gurulandygyny we bu fundamentyñ aşa sowuk howada gysylmagy netijesinde binanyň deformasiýasynyň öňüni alýandygyny aýtdy.

Habarlar