gazagystanly-imanbek-ze-kenow-grammy-ba-ragyna-mynasyp-boldy

Gazagystanly Imanbek Zeýkenow Grammy baýragyna mynasyp boldy

Gazagystanly Imanbek Zeýkenow, Amerikan rapçi Saint JHN-niñ “ Roses” aýdymyna eden remiksi bilen 63-nji Grammy Baýrak Gowşurlyş dabarada “ iñ gowy remiks ýazgysy” baýragyna mynasyp boldy.

15 Mart 2021 18:46

63-nji Grammy baýraklary, Amerikanyñ Los Angeles Kongres Zalynda geçirilen dabarada eýelerine gowşuruldy.

Koronawirus epidemiýasy sebäpli online görnüşde geçirilen dabarada 21 ýaşyndaky Gazak aýdymçy Imanbek Zeýkenow Amerikan  rapçi Saint JHN-niñ “ Roses” aýdymyna eden remiksi bilen“ iñ gowy remiks ýazgysy” baýragyna mynasyp boldy.

“ Iñ gowy remiks ýazgysy”  kategoriýada dalaşgär görkezilen Morgan Page, Louie Vega, RAC we Haywyre ýaly tanymal aýdymçylar bilen bäsleşen Imanbek Zeýkenow düñýäniñ abraýly aýdym-saz bäsleşiginde hem ilkinji gezek dalaşgär görkezilen hem-de baýraga mynasyp bolan ilkinji Gazak boldy.

Baýraga mynasyp bolandygy barasyndaky buşluk habary alan Zeýkenow, Gazagystandan online görnüşde dabara gatnaşyp gaty begenýändigini nygtap  beren goldawlary üçin ilki  ene-atasyna sagbolsun aýtmak isleýändigini aýtdy.

Amerikan  rapçi Saint JHN-niñ  2016-njy ýylda çykaran “ Roses” aýdymy, 2019-njy ýylda Imanbek Zeýkenowyñ eden remiksi bilen dünýäde tanymal aýdym boldy.

Zeýkenowyñ diñe 2 sagat 20 minutda eden remiksi 20 hepdäniñ dowamynda düñýäde iñ köp diñlenen 100 aýdmyñ bolan sanawda 10-njy hatarda orun aldy. Zeýkenowyñ eden remiksi, The Weekend, Dua Lipa, Billie Eillish, Justin Bieber  ýaly tanymal aýdymçylaryñ aýdymlaryny hem geçdi.

Zeýkenow, 17 ýaşyndan bäri elektron aýdym-saz bilen gyzyklanýardy we dünýä belli aýdymçylaryñ aýdymlaryna remiksler edýärdi.

Tanymal bolmazdan ozal demirýoly stansiýasynda işlän Zeýkenow Gazagystanyñ demirgazygyndaky Pawlodar welaýatyna bagly Aksu şäherinde maşgalasy bilen ýaşaýar.

Zeýkenow Pawlodardaky Demirýoly kolležinde bilim alýar.

Habarlar