gazagystanly-turan-halk-a-dym-saz-topary-halk-a-dymlaryny-ozbolusly-erine-et

Gazagystanly Turan” halk aýdym-saz topary, halk aýdymlaryny özboluşly ýerine ýetirip bütindünýä tanadýar

Gazagystanly “Turan” etno halk aýdym-saz topary, özboluşly düşündirişi bilen häzirki zaman sungatynyň kölegesi galan halk aýdym-sazlaryny bütindünýä tanadýar.

20 Mayıs 2022 18:12

“Turan” halk aýdym-saz topary, 14 ýyl bäri berýän konsertleri we atlary bilen türki dünýäsiniň çar künjegindäki diňleýjileriñ uly hormatyny gazandy.

Gazagystanyň medeni paýtagty Almatyda çeper döredijilik işlerini dowam etdirýän topar 30-dan gowrak milli sa zgurallary ulanyp halk aýdym-sazyny ýerine ýetirýär.

Almatydaky Gazagystanyň “Kurmangazy” adyny göterýän Milli Konserwatoriýanyň 2-nji synp talyplary bolan 5 dost tarapyndan 2008-nji ýylda döredilen “Turan” halk aýdym-saz toparynyň her bir agzasy azyndan 5 saz guralyny çalyp bilýär.

Döredilen gününden bäri 70-e golaý ýurtda 600-den gowrak konsert beren “Turan” halk aýdym-saz topary, 28-nji maýda Mersinde sahna çykmaga taýynlanýar.

“Turan” halk aýdym-saz toparynyň agzasy Serik Nurmoldaýew, özlerine duýulýan ynamy ödemek üçin Gazak halk-aýdym sazynyñ halypalary bilen gije-gündiz diýmän işleşýändiklerini belläp halk-aýdym-saz toparynyñ döredilen gününiñ ilkinji ýyllarynda ýatdan çykarylan saz gurallary barasynda Almatydaky Milli saz gurallary muzeýinde köp aýlap gözleg geçirendiklerini aýtdy.

Nurmoldaýew, toparyñ agzalarynyñ saz gurallary boýunça ýörite sapak berýändiklerini nygtap kopuz saz guralyny çalýan Maksat Medeubek, Wengriýada yaşayan bir gyza online görnüşde kopuz sapagy berýändigini aýtdy.

Nurmoldaýew, Türkiýede köp sanda janköýerleriniñ bolandygyny nygtap “ Türkiýede biziñ konsertlerimize köp gatnaşyk bolýar. Öz aramyzda “ Türkiýe biziñ 2-nji öýümiz” diýýäris. Sebäbi her ýyl hökman azyndan iki gezek Türkiýede konsert berýäris. Türkiýede konsert bermegiñ özboluşly buýsanjy, begenji bolýar.”-diýdi.

Nurmoldaýew, Türkiýede “ Er Turan” diýip tanalýandyklaryny aýtdy.

“Turan” halk aýdym-saz toparynyň başga bir agzasy Bauržan Bekmuhanbet: “gazanan üstünligimizde diñe 1 göterimi zehinimiz, galan 99 göterimi zähmetdir." –diýdi.

Bekmuhanbet 14 ýylda 3 albom çykarandyklaryny belläp "repertuarymyzyň 80% -i özümiziň döreden eserlerimizden ybarat. Galanlary bolsa halk aýdymçylaryna degişlidir" -diýdi. -diýdi.

Turan” halk aýdym-saz topary, “Ertugrul” serialy üçin ýörite aýdym-saz döretdi we türk tomaşaçylaryñ söýgüsini gazandy. “ İsimsizler” atly türk serialda hem toparyñ döreden sazy ulanyldy.

Habarlar