gazagystany-atameken-acyk-howa-muze-i

Gazagystanyň “Atameken” açyk howa muzeýi

“Atameken” açyk howa müzeýi, Gazagystana gezelenç etmek isleýänler üçin amatly ýerdir.

25 Haziran 2022 00:15

Gazagystan geografiki taýdan dünýäde dokuzynjy orunda durýar. Bu ýagdaý köp sanda medeni, tebigy we binagärlik gymmatlyjklaryñ giň geografiýa ýaýran kartany añladýar.

Paýtagt Nur-Soltanda ýerleşýän “Atameken” açyk howa müzeý, 1,7 gektar ýer bolup, bu ýerde ýurduň her çar künjeginden gün ýüzüne çykarylan taryhy we estetiki eserlerin takyk nusgasy görkezilýär.

Iki sany futbol meýdançasynyň ululygynda bolan açyk howa muzeýinde 200-den gowrak binagärlik we ýadygärlik eserleriñ nusgalary sergilenmek bilen bir hatarda ýurduñ iñ uly daglary, tokaýlary we depeleri hem orun alýar.

Bu sebit Gazagystanda syýahatçylygy dikeltmek we syýahatçylary ýurduñ tapawutly ýerlerini görmäge höweslendirmek üçin guruldy.

Muzeýiñ esasy maksady adamlary taryhy, medeni we ruhy gymmatlyklar bilen tanyşdyrmak we olaryň goralmagyny üpjün etmek, medeni gazançlary höweslendirmek we ähli tebigy sebitleriň gözelligini görkezmek.

Gazagystanyñ iñ esasy turistiki ýerleri, ýurduñ tebigaty, binagärçiligi we ulag ulgamlary bu kartada aýdyñ görip bolýar.

Bu ýerde köp sanda festiwal we konsertler gurnalýar.

Habarlar