gazagystany-bu-sanjy-ba-terek-di-i

Gazagystanyň buýsanjy Baýterek diňi

Paýtagt Nur-Soltanyň Baýterek diňi, Gazagystanyň taryhy ýolagçylygyny döwrabap ugurlar bilen görkezýär.

04 Mart 2022 21:45

Türk mifologiýasynda mukaddes hasaplanýan we türk taýpalarynyň umumy gymmatlyklaryny emele getirýän köp sanda hadysa bar. Olardan biri Durmuş agajydyr. Durmuş agajy, türk mifologiýasynda ýer bilen asmany birleşdirýän köpri hasaplanýar. Ynanja görä, rowaýata öwrülen Samruk Guşy ýumurtgasynyny durmuş agajyna goýmagy ýagşylyk we ýagtylyga wekilçilik edýär. Ýumurtga bu ynanja görä güneşdir.

Bu mukaddes hekaýanyň bir nusgasy bolan Baýterek diňi, Samruk guşunyň altyn ýumurtgasyny Durmuş agajyna goýmagyny gürrüñ berýän deñi-taýy bolmaýan bir eserdir.

Baýterek diñindäki Ak polatdan ýasalan desgalar Durmuş agajyny, üstündäki altyn top bolsa Güneşi aňladýar.

Şeýlelik bilen, Gazagystan, güýçli geçmişini we Türki dünýäsiniň iň esasy mifologiki keşplerinden birini ýurduň geljegini wekilçilik etmek üçin döwrebap görnüşde ýasaldy.

Baýterek sözüñ manysy uzyn derek agajy manysyny añladýar ýöne Baýterek diýilende hemmeleriñ aklyna bu owadan owadan eser gelýär.

Baýterek diñi, Nur-soltan şäheri 1997-nji ýylda paýtagt bolanyndan bäri şäheriñ nyşanasy. Beýikligi 105 metr bolan diñiñ synlama nokady 97-nji metrda orun alýar.

Diñden şäheri 360 dereje synlamak mümkin. Lift bilen çykylýan diñiñ iñ depesindäki altyn aýnaly top 22 metr ininde. Jemi 70 tonna agyrlygynda bolan bu top güýçli esen ýeliñ bolan günlerde ýarym metr hereket edip bilýär.

Dizaýny we ideýasy bilen köp sanly halkara baýraklara eýe bolan Baýterek diňi, şäheriň her nokadyndan görip bolýar.

Bu ýer, Nur-soltan şäherine gelen ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryñ iñ köp gelim-gidimli ýerlerinden biridir.

Habarlar