gazagystany-dync-alys-merkezi-buraba-a-sy-ahatcylar-uly-gyzyklanma-gorkez-r

Gazagystanyň dynç alyş merkezi Burabaýa syýahatçylar uly gyzyklanma görkezýär

Gazagystanyň demirgazyk-günbatarynda orun alýan Burabaý milli seýilgähe ýerli we daşary ýurtly syýahatçylar uly gyzyklanma görkezýär.

05 Şubat 2022 07:04

Gazagystanyň paýtagty Nur Soltandan 250 km uzaklykda ýerleşýän Akmola welaýatynyň Burabaý etrabynda ýerleşýän bu seýilgäh Sowet Soýuzy döwründen bäri şypahanalary we tebigy gözellikleri bilen syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.

Ady “Gök dag” manysyny añladýan Kökşetau dagy, burabaý köli we sosna tokaýlaryna ýer eýeçiligi edýän Burabaý, “ Gazagystanyñ Şweýsariýasy" diýip bilinýär.

Burabaý kölüniň edil ortasynda ýerleşýän Žumbaktas depesi jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýän ýerlerden biridir. Bu gaýa saçy şemalda öwüsýän ýaş gyza, başga tarapyndan bolsa garry aýala meňzedilýär.

Tokaýda müňden gowrak ösümlik görnüşi ýetişýär we towşan we tilki ýaly haýwanlar ýaşaýar.

Miladydan öňki 3700-nji ýylda atlary ýetişdiren Botaýlaryň ýaşap geçen Burabaýdaky Botaý Burabaý muzeýi  syýahatçylaryň iñ köp gelim-gidimli ýerlerinden biridir.

7 sany çadyrdan ybarat bolan muzeýde arheologiki gazuw-agtaryş işlerinde tapylan üñkleri, aw gurallary ýaly Botaý medeniýetine degişli galyndylar sergilenýär.

Şu ýyl açylan Burabaý lyža merkezi, häzirki zaman infrastrukturasy bilen Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görýän türgenlere tälim geçirmäge mümkinçilik berýär.

Burabaý, arassa howasy bilen dem alyş kesellerinden ejir çekýän adamlaryň ünsüni özüne çekýär.

Lukmanlar sosna agaçlaryndan çykýan käbir maddalaryň zyýanly bakteriýalary öldürýändigini we sosna tokaýlarynda gezmegiň adamyň saglygyna oňyn täsir edýändigini aýdýarlar.

Bejeriş aýratynlyklary bolan mineral suwuň öndürilýän sebitde bejeriş palçyklary hem bar.

Burabaý 45 şypahana, 700 syýahatçylyk kompaniýasy we köp sanly myhmanhanasy bilen her ýyl ýüz müňlerçe syýahatçyny kabul edýär.

Habarlar