gazagystany-gadymy-s-heri-sauran

Gazagystanyñ gadymy şäheri: Sauran

Türkistan şäheriñ 30-40 kilometr demirgazyk günbatarynda orun alýan gadymy Sauran şäheriniñ taryhy VII asra daýanýar.

04 Ağustos 2021 03:18

Gadymy Sauran şäheri barasynda maglumatlar X asyrdaky taryhy resminamalardan öwrenildi. Syrderýanyñ boýnunda  orun alýan bu gadymy şäher döwrüniñ iñ esasy strategik we söwda merkezlerinden biri bolupdyr. Bu şäher XIII asyrda Ak Orda döwletiniñ paýtagtydy.

XIV asyryñ soñlarynda şäher Emir Teýmir tarapyndan harby bir gala öwrüldi.

Taryhda Sauran şäheri üçin Gazak we Özbek hanlarynyñ arasynda köp uruş boldy. Şäherde hâkimiyet ýygy ýygydan üýtgeýärdi. Mysal üçin; şäherde Gazak hanlaryndan bolan Janybegiñ ogly Žirenşe han XV asryñ 2-nji ýarymynda birnäçe ýyllap höküm sürdi.

Şäher XV asryñ ahyrynda doly Gazak hanlygyñ häkimýetine geçdi we hanlygyñ esasy merkezlerinden biri boldy.

Bu taryhy şäher ruhy taýdan hem uly ähmiýete eýedir. Sauranda orun alýan uly metjid, gazak topraklarynda Yslam dininiñ ýaýramagyna uly goşant goşdy.

Sauran şäheri XVII asryñ soñlarynda XVII asryñ başlarynda güýçden gaçdy XIX asryñ başlarynda bolsa haraba öwrüldi.

Orta asryñ şäheri bolan Sauran merkezi aziýa şäherleriniñ çarwa durmuşuny, medeniýetini görkezýän seýrek ýerlerden biridir.

Gadymy ýüpek ýolunyñ bir bölegi bolan şäheriñ Gazak taryhynda uly orny bar.

Habarlar