gazagystany-gadymy-s-heri-turkistan-turk-dun-sini-ruhy-pa-tagty-bolmaga-ta-a

Gazagystanyň gadymy şäheri Türkistan, Türk Dünýäsiniň ruhy paýtagty bolmaga taýarlanýar

Gazagystanda üç ýyl ozal Türkistan welaýatynyň merkezi diýlip yglan edilen gadymy Türkistan şäheri, Türk Dünýäsiniň ruhy we medeni merkezi bolmaga taýarlanýar.

27 Mart 2021 00:24

Takmynan 2 müň ýyllyk taryhy bolan Türkistan welaýaty, Gazak hanlygynyň paýtagty boldy. Türk Dünýäsiniñ ruhy lideri Hoja Ahmet Ýasawynyñ hem ýaşap geçen Türkistan, şol wagtyñ özünde Merkezi Aziýadaky Yslamlaşma hereketine hyzmat etdi.

Türkistan welaýaty, 2 miliondan gowrak ilaty bilen Ýewropa we Aziýany birbirine baglaýan Gadymy Ýüpek ýolunyñ üstünde orun alýar.

Asyrlar boýy gadymy ýüpek ýolunyň ruhy, syýasy we söwda durmuşynyň merkezinde orun alan Türkistan, 1991-nji ýylda Gazagystanyñ garaşsyzlygyny yglan etmegi bilen ýañadandan dikelmäge başlady.

Türkistan welaýaty, 2018-nji ýylyñ 19-njy iýunynda prezident Nursoltan Nazarbaýewiñ karary bilen merkez statusa eýe boldy.

2021-nji ýylyñ 31-nji martynda geçiriljek Türk Geňeşiniň döwlet baştutanlarynyň resmi däl sammitinde Türkistana, "Türk dünýäsiniň ruhy paýtagty" statusyny bermek meýilleşdirilýär.

Hoja Ahmet Ýasawy Halkara Türk-Gazak Uniwersitetiñ mugallymy we Ýasawy Gözleg-Barlag Merkeziniñ başlygy Prof. Dr. Dosaý Kenžetaý beren interwýusynda Türkistan welaýatynyñ Türk Dünýäsi üçin eýe bolan ähmiýeti barasynda gürrüñ berdi.

Kenžetaý, Hoja Ahmet Ýasawynyñ kümmetiniñ orun alýan Türkistana “ Piri Türkistan” lakamynyñ berilendigini we şäheriň Türk Dünýäsiniň ruhy paýtagty bolmaga mynasyp bolandygyny aýtdy.

Türkistan welaýatynyñ gubernatory Ömirzak Şükeýew žurnalistlere beren interwýusynda Türkistanyñ 2018-nji ýyldan bäri diñe bir welaýat merkezi bolmadygyny şol wagtyñ özünde Türk Dünýäsiniñ ruhy we medeni merkezi bolup gurulandygyny aýtdy.

Türkistan welaýatynyñ gubernatory Ömirzak Şükeýew, welaýatdaky Hoja Ahmet Ýasawy we Arslan Baba Kümmetleri bilen Otrar we Sauran ýaly gadymy şäherleriñ YUNESKO-nyñ Bütindünýä Miras sanawynda orun alýandygyny nygtap Türkistany ruhy we medeni turizmiñ merkezine öwürmegi maksatlaýandyklaryny aýtdy.

Türkistan şäherine soñky 3 ýylda jemi 3,5 milliard dolar gymmatynda maýa goýumlar goýuldy.

Türkistanda erkin ykdysady zolag döredildi we bu sebitde desgalar gurmak isleýän maýadarlar ýer, emläk we gümrük ýaly salgytlar tölemezler.

Türkistanda gadymy ýüpek ýoluny ýañadan janlandyrmak üçin alynyp barylýan işler dowam edýär. 2020-nji ýylda Halkara Türkistan howa menzili ýylda ortaça 3 milion ýolagçyny kabul edýär. Halkara Türkistan awtobus wokzaly diňe ýurduñ içinde däl eýsem Özbegistan we Gyrgyzystana awtobus bilen syýahat etmäge mümkinçilik berýär.

Resmiler şu ýyl Gazagystanyň Türküstan şäheri bilen Özbegistanyň paýtagty Daşkentiň arasynda ýokary tizlikli demirýol liniýasynyň gurluşygyna başlamagy maksat edinýärler.

Takmynan 22 müň gektar meýdanda gurlan täze Türküstan şäheriniñ umumy meýilnamasy, işewürlik we jemgyýetçilik binalary, ruhy merkez, ýaşaýyş jaýlary we senagat meýdançalarynyñ bolan üç bölümden ybarat.

Açyk howa muzeýinden we teatrdan başga-da şäherde 5 ýyldyzly myhmanhanalar hem hyzmat edýär. Täze Türkistanyň binagärliginde gündogar we milli Gazak motifleri ünsleri özüne çekýär.

Habarlar