gazagystany-garassyzlyk-dowrunde-taryhy-baslangyclar

Gazagystanyñ Garaşsyzlyk döwründe "taryhy başlangyçlar”

Türkiýe we Gazagystan arasyndaky gatnaşyklarda köp sanly taryhy başlangyçlar baş berdi.

17 Aralık 2021 09:55

Gazagystan Respublikasy, 1991-nji ýylyñ 16-njy dekabrynda garaşsyzlygyny bütindünýä yglan etdi.

Sowýet Soýuzy darganyndan soñ taryhy wakalaryñ öwrülşik pursatlaynyñ baş beren döwürde Türkiýe, Gazagystan we Türki dilli döwletleriñ garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar eden döwlet boldy.

Gazagystanyň diplomatiýasynyň taryhynda ilkinji ynanç haty, 1992-nji ýylyň 21-nji aprelinde Türkiýe Respublikasynyň Gazagystandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Argun Özpaý tarapyndan gowşuryldy.

"Diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak teswirnamasy" we "Wizasyz režim şertnamasy" ýaly gadamlar Gazagystanyň ilkinji diplomatik guramasyny döretdi.

Sowýet Soýuzy darganyndan soñ Baýkonur Kosmos bazasy dünýäde ilkinji gezek Türk premýer-ministri üçin açyldy.

Iki doganlyk ýurduñ arasyndaky gatnaşyklar her geçen gün hasam pugtalanýar, Strategik şäriklik derejesinde syýasy, ykdysady, medeni we sosial pudaklarda hyzmatdaşlyk dowam edýär.

Bu jebislik halkara derejede hyzmatdaşlyk we özara goldaw bilen iň ýokary derejä ýetdi.

Habarlar