gazagystany-gosuny-turki-ede-asalan-sowutly-ulag-arma-8-8-we-nefer-arag

Gazagystanyň goşuny Türkiýede ýasalan sowutly ulag “Arma 8 × 8” we “Nefer” ýarag ulgamyny synagdan geçirdi

Gazagystan goşununyñ Tsowutly ulag “Arma 8 × 8” we “Nefer” ýarag ulgamyny synagdan geçirendigi mälim edildi.

01 Mart 2021 20:43

Türkiýäniñ Goranmak ministirligi tarapyndan berilen beýannamada; “ Gazagystanyñ ýaragly güýçleri Türkiýede öndürülen sowutly ulagy synagdan geçirdi. Karagandi welaýatynyň "Spassk" türgenleşik meýdançasynda gündiz we agşam sagatlarynda geçirilen synaglarda “Arma 8 × 8” sowutly harby ulagynyň we “Nefer” uzakdan dolandyrylýan ýarag ulgamynyñ aýratynlyklary gözden geçirildi.” -diýilýär.

Gazagystanyñ goşunynda ulanylmagy üçin we ýurduñ aýazly geçýän gyş howa şertleri göz önünde tutulup Türkiýede ýasalan “Nefer” ýarag ulgamy, uzakdan dolandyrylýan söweş ulgamy we termiki kamerasy saýasynda gijelerine ot açmaga we nyşanalary ýok etmäge mümkinçilik berýär.

Türkiýäniñ Goranmak ministirligi tarapyndan  ozaldan berilen beýannamada; “Arma 8 × 8” sowutly ulagyñ NATO-nyñ standartlaryna eýe bolup, giň taktiki we tehniki, atyş we beýleki aýratynlyklaryñ tapawutly howa şertlerinde  harby operasiýalarda synagdan geçirilmegi üçin Otokar firmasy tarapyndan Gazagystana mugduna tabşyrylandygy bellendi.

Habarlar