gazagystany-gunorta-we-gunbatar-sebitlerinde-gecirilen-harby-turgenlesige-9-mu

Gazagystanyñ günorta we günbatar sebitlerinde geçirilen harby türgenleşige 9 müñ esger gatnaşdy

Gazagystanda harby bölümleriň söweşe taýýarlygyny görmek maksady bilen geçirilen harby türgenleşigiň çäginde ýurduň günorta we günbatar sebitlerine 9000 esger ugradyldy.

20 Eylül 2021 16:43

Gazagystanyñ goranmak ministirligi tarapyndan berilen beýannamada harby türgenleşigiñ ýurduñ eýe bolan meýdanynyñ uly bolmagy sebäpli harby birlikleriñ uzyn menzillere  çalt hereket etme ukybyna eýe bolmagy üçin geçirilendigi bellendi.

Beýannamada; harby türgenleşigiñ çäginde 9 müñ esger bilen 3 müñ sowatly ulag ýurduñ günorta we günbatar sebitlerine ornaşdyrylandygy we bu harby bölümleriň sebitlere göçürülmegi üçin harby enjamlar, gury ýer ulaglary, demir ýol, harby we raýat howa serişdeleri ulanylandygy mälim edildi.

Tutýan meýdany taýdan dünýäniñ iñ uly 9-njy ýurdy bolan Gazagystanyñ günorta tarapynda Özbegistan, Gyrgyzystan we Türkmenistan günbatar tarapynda bolsa Hazar deñzi orun alýar.

Habarlar