gazagystany-hokumeti-is-basyndan-cekildi

Gazagystanyň Hökümeti Iş Başyndan Çekildi

Hökümetiñ suwuklandyrylan nebit gazynyň nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagyna garşy guralan protest ýörişler sebäpli iş başyndan çekilendigi mälim edildi.

05 Ocak 2022 12:36

Prezident Kasym Žomart Tokaýew ertiriň irki sagatlarynda premyer ministr Askar Maminiñ yolbaşçylygyndaky hökümetiň iş başyndan çekilmegi hakyndaky arzasyny kabul etdi.

Prezidentiň Diwanyndan berilen beýannama görä Premýer-ministriň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek wezipesi ozal Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary bolup işlän Alihan Smailowa berildi.

Gazagystanyň günbataryndaky Žanözen şäherinde suwuklandyrylan gazyň nyrhynyň ýokarlandyrylanmagyna garşy duran sürüjileriň protestleriň ýurdun çart tarapyna ýaýramagy sebäpli Almaty şäherinde we Mangystau welaýatynda adatdan daşary ýagdaý dolanşygy yglan edilipdi.

Bu barasynda Prezident Tokaýewiň gol çeken permanynda ýurtda döwlet howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça şertleriň agyrlaşmagy sebäpli bu sebitlerde ýanwar aýynyň 5-19-y aralygynda köçä çykmak gadagan edildi.

Ýurduň ozalky paýtagty Almatyna bolsa müňlerçe adamyň gatnaşmagyndaky demonstrasiýalar uzakly gije dowam edipdi. Polis ses bombasy we göz ýaşardyjy bombalar bilen demonstrantlara çäre görüpdi.

Gazagystanyň hökümetiniň iş başyna gitmegine sebäp bolan tapgyrda suwklandyrylan gazyň 1 litriň bahasy 60 teňňeden 120 teňňä göterilipdi.

Döredilen ýörite döwlet topary Aktauda protestçiler bilen duşuşyp, suwklandyrylan gazyň nyrhyny 50 teňňä düşürendiklerini beýan edipdi. Emma muňa garamazdan dowam eden demonstrasialarda syýasy ulgama garşy şygarlar aýdylyp, halkyň ykdysady jemgyýetçilik şertleriniň gowulandyrylmagy talap edilipdi.

Habarlar