27 Mayıs 2022 15:34
Abylhan Kasteýew Gazagystan halkynyň durmuşyny we ruhy dünýäsini tanyşdyran ilkinji suratkeşleriň biri hasaplanýar.
Ussat suratkeşiñ adyny göterýän Gazagystanyñ iñ uly şekillendiriş sungaty müzeýi, 1976-njy ýylda döredildi.
Gazak halkynyň däp-dessurlaryny,urp-adatlaryny, taryhyny we tebigatyny suratlandyrýan eserleriñ orun alýan Abylhan Kasteýew şekillendiriş sungaty müzeýi, Almaty şäheriñ merkezinde orun alýar.
1935-nji ýylda Gazagystanyň Döwlet sungat galereýasy, Gazagystanyň we daşary ýurtly suratkeşleriň eserlerini ýygnaýardy.
1970-nji ýylda Gazagystanyň amaly halk sungat müzeýi, Gazak halk döredijiliginiň eserlerini ýygnaýan, sergileýän we tanyşdyrýan muzeý hökmünde döredildi.
1976-njy ýylda, Gazagystanyň Döwlet sungat galereýasy we Gazagystanyň amaly halk sungat müzeýi, “Gazagystanyň Sowet Sosialistik Respublikasynyň Döwlet sungat müzeýi” adynda birleşýär.
1984-nji ýylda muzeýe Gazagystanyň Milli suratkeşlik mekdebiniñ esaslandyryjysy Gazak suratkeş Abylhan Kasteýewiň ady dakyldy.
2014-nji ýylda sungat muzeýiniň bir bölegi bolan Kasteýew öýi, muzeý bolup açyldy.